Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus parlamenti Putiniň kararyny tassyklaýar, Günbatar Moskwa garşy sanksiýalar toplumyny taýýarlaýar


Şolz Germaniýa "Demirgazyk akymy 2-ni" duruzýar diýýär.

Prezident Wladimir Putiniň Ukrainadaky iki separatist sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmek we bu sebitlere goşun ibermek baradaky hereketine jogap hökmünde, Günbatar ýurtlary Moskwa garşy täze sanksiýalary öňe sürdi. 22-nji fewralda Russiýanyň parlamentiniň iki palatasy hem Kreml goldawyndaky separatistleriň gözegçilik edýän ukrain sebitleri bilen dostluk şertnamalaryny tassyklamak üçin ses berdi.

Şu aralykda Ýewropa Bileleşigi sanksiýalaryň “ilkinji bukjasynyň” ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny we belki-de 22-nji fewralda, 27 agzanyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda tassyklanjakdygyny aýtdy.

Günbatar ýurtlary we beýlekiler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Kreml tarapyndan goldanýan separatistleriň Ukrainada gözegçilik edýän sebitleriniň garaşsyzlyk talaplaryny ykrar etmek barada gelen kararyny ýazgardylar.

ABŞ resmileri 21-nji fewral güni giçlik Waşingtonyň ýaranlary bilen maslahatlaşýandygyny we 22-nji fewralda Moskwa garşy täze sanksiýalary yglan etjekdigini aýtdylar.

Putin separatistleriň garaşsyzlyk jarnamalaryny ykrar edip, rus goşunlarynyň bu sebitlere girmegini buýranyndan soň, doly möçberindäki uruş gorkulary astynda, dünýäniň birža bazarlary peseldi we nebitiň bahasy ýokary galdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi we öz ýurduna goldaw berilmegini gazanmak tagallalarynyň çäginde dünýä liderleriniň birnäçesi bilen telefonda gepleşdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 21-nji fewralda giçlik twit ýazyp, Putiniň kararynyň "çalt we berk jogap berilmegini” talap edýändigini aýtdy we “biz hyzmatdaşlar bilen utgaşdyryp, degişli çäreleri göreris" diýdi.

ABŞ-nyň Birleşen Millletler Guramasyndaky ilçisi Linda Tomas-Grinfild BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň žurnalistlere "halkara hukugyny we Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini aç-açan bozandygy üçin, ertir ABŞ Russiýa garşy sanksiýalar toplumyny girizer" diýdi.

"Biz Russiýany öz goşunlaryny yza çekmek, diplomatiýa stolunyň başyna gaýdyp gelmek we parahatçylyk ugrunda işlemek baradaky çagyryşlarymyzda birleşip bileris, birleşeris we bile bolmaly!” diýip, ol aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ABŞ adminstrasiýasynyň resmileri Putiniň bu hereketiniň, Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Ukraina basylyp alnan ýagdaýynda Moskwa garşy girizjek giň gerimli sanksiýalar toplumyna getirmän, häzirki ýagdaýda beýle ýowuz bolmadyk sanksiýalara getirjekdigini, çünki rus goşunlarynyň bölüniji sebitde eýýäm bardygyny aýtdylar.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki Donetsk halk respublikasy, Luhansk Halk Respublikasy diýilýän ýerleri nazara alyp, täze çäreleriň separatistleriň DHR we LHR diýlip atlandyrylýan sebitlerine ABŞ-nyň raýatlarynyň täze maýa goýumlaryny goýmagyny, bu ýerler bilen söwda etmegini, maliýeleşdirme işlerine gatnaşmagyny gadagan etjekdigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gündogar Ukrainanyň iki sebitinde Russiýanyň goldawyna daýanýan separatistleriň garaşsyzlyk tekliplerini ykrar etjekdigini aýdyp, BMG-niň we Günbatar ýurtlarynyň eden duýduryşlaryna göz ýumdy.

Bu kararyň yzysüre, Orsýetiň Döwlet dumasy 22-nji fewralda Kreml goldawyndan peýdalanýan separatistleriň gözegçilik edýän ukrain sebitleri bilen baglaşylan dostluk şertnamalaryny tassyklap, biragyzdan ses berdi.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukraina hüjüm edip, Krym sebitini basyp aldy we şondan bäri gündogar Ukrainadaky separatistleriň Kiýewdäki hökümet bilen alyp barýan ganly çaknyşyklaryna kömek berýär.

Soňky aýlarda bolsa Orsýet Ukraina bilen serhedinde 150,000-den gowrak goşun toplap, duldegşir goňşusynyň üstüne uly goşun bilen çozmak gorkusyny döretdi.

Putininiň 21-nji fewralda, parahatçylygy saklamak we asuda ilaty goramak zerurlygyna salgylanyp, separatist sebitlerine goşun ibermek baradaky buýrugyndan öň, Moskwa Ukraina goşun sürmek niýetini inkär edýärdi. Günbatar onuň bu sebite goşun ibermegini esaslandyrmak üçin aýdan sözlerini bada-bar ret etdi.

Tomas-Grinfild Putiniň goňşy ýurda iberen goşunlaryny "parahatçylygy goraýjy güýçler" hökmünde häsiýetlendirmeginiň düýpden heňe gelmeýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, bu göçüm Russiýanyň Ukrainany mundan aňryk hem basyp almak üçin bahana döretmek synanyşygyna esas bolup durýar.

Fransiýanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň, Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary Putiniň hereketlerini ýazgarmak meselsinde ABŞ bilen bir hörpden gopdy.

German kansleriniň edarasy kansler Olaf Şolzyň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň geçiren pikir alyşmasyndan soň, liderleriň "bu göçümiň jogapsyz galmajakdygy" barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG