Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Fitch" Türkmenistana baha berýär, türkmen hökümeti HPG hasabatyna razyçylyk bermeýär


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky.

Türkmenistanyň hökümeti Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça täze hasabatynyň çap edilmegine razyçylyk bermeýän mahaly, düýbi Nýu-Ýorkda we Londonda ýerleşýän “Fitch” reýting agentligi Türkmenistana “durnukly” baha berdi.

18-nji fewralda “Fitch” reýting agentligi Türkmenistanyň ýerli walýutasyna uzak möhlet üçin “B+”, gysga möhlet üçin “B” reýtingini berdi.

Halkara reýting agentliginiň Türkmenistana berýan derejeleri, ilatyň agyr durmuş-ykdysady kynçlyklary başdan geçirip, bankomatlaryň öňünde täze nobatlaryň emele gelýän wagtlaryna gabat gelýär.

“Fitch” reýting agentligi “Moody’s” we “Standard & Poor’s (SP)” gulluklary bilen bir hatarda halkara karz agentlikleriniň uly üçlügini emele getirýär. Bu gulluklar ýurtlara we iri kompaniýalara 'karz üzmäge ukyplylyk' reýtingini berýär.

"Fitch" özüniň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň "durnuklylygy" boýunça öňe sürýän çaklamalaryny ýurtda mart aýynda geçiriljek saýlawlardan soňra hem makroykdysady syýasatyň birmeňzeş saklanyp galmagy, galyberse-de energiýanyň global bahalarynyň ýokary derejelerde saklanyp galmagyna garaşylmagy bilen düşündirýär.

Hasabata görä, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ugurlaryna berilýän beýleki bahalara ýurt dolandyrylyşyna Bütindünýä banky tarapyndan berilýän pes baha, bir ugur boýunça ekport bazaryna garaşlylyk (gaz ekportynyň 70 %-i Hytaý ugry bilen iberilýär), kyn biznes gurşawy ýaly faktorlar täsir edýär.

“Fitch” reýting agentligi Türkmenistan boýunça täze derejeleri çap edýän wagtynda, Türkmenistanyň hökümeti Halkara pul gaznasynyň sentýabrda türkmen resmileri bilen geçiren geňeşmeleriniň netijeleriniň çap edilmegine razyçylyk bermeýär.

Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi 20-nji sentýabrda Türkmenistan boýunça pikir alyşmalary we geňeşmeleri tamamlapdyr, ýöne Gaznanyň web-saýtyna görä, türkmen häkimiýetleri halkara maliýe guramasynyň wekilleriniň Türkmenistan boýunça taýýarlan hasabatynyň hem-de degişli metbugat beýanatynyň çap edilmegine razyçylyk bermeýär.

Halkara walýuta fondy agza ýurtlar bilen arada gol çekilen ylalaşygyň IV Maddasyna laýyklykda, halkara pul ulgamynyň netijeliligini üpjün etmek üçin, agza ýurtlaryň maliýe-ykdysady syýasatlaryny seljerýär we zerur bolanda ýerli hökümet we bank resmileri bilen duşuşyp, maglumat toplaýar, iktaraplaýyn geňeşmeleri geçirýär. Bu işleriň çäginde köplenç ýylda bir gezek Gaznanyň ýörite topary agza ýurda sapar edip, degişli işleri geçirýär hem-de saparyň yz ýany onuň netijeleri boýunça Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hasabat hödürleýär. Munuň yz ýany, Ýerine ýetiriji geňeşiň garaýyşlary we bellikleri degişli ýurduň häkimiýetlerine iberilýär.

Gaznanyň web-saýtyna görä, türkmen häkimiýetleri Halkara walýuta fondunyň işgärleriniň Türkmenistan boýunça geçiren geňeşmeleriniň netijeleriniň hem-de degişli metbugat beýanatynyň çap edilmegine rugsat bermeýär.

Türkmen resmileriniň bu talaby Halkara pul gaznasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýeti boýunça hödürleýän statistikalarynyň hökümetiň öňe sürýän sanlaryna çapraz gelýän wagtlaryna gabat gelýär.

Ýatlasak, geçen ýylyň fewralynda türkmen hökümeti 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 5,9 %-e barabar bolandygyny öňe sürdi. Ýöne Halkara walýuta fondy aprelde çap eden hasabatynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgininiň 0,8 %-e deň bolandygyny aýtdy.

Halkara pul gaznasy 2022-nji ýyl üçin hem Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depginini 1,7 % töwereklerinde çaklaýar. Ýöne türkmen hökümetiniň hödürleýän sanlary halkara gaznanyň sanlaryna ýene-de çapraz gelýär. Türkmen hökümeti 2022-nji ýyl üçin JIÖ-iň ösüş depgininiň 6%-den gowrak boljakdygyny çaklaýar.

Galyberse-de, Bütindünýä banky dünýä ykdysadyýetiniň perspektiwalary boýunça çap edýän soňky hasabatlarynda ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistany iki gezek yzly-yzyna hasabatdan çykardy.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, Bütindünýä banky iýunda hem-de ýanwarda çap eden hasabatlarynda aýtdy.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti halkara maliýe guramalarynyň hasabatlaryny agzaman, ýurduň maliýe-ykdysady pudagynyň 'ösüşlere beslenýändigini' öňe sürýär.

Ýurtda walýutanyň goşa bahasy - Merkezi bank tarapyndan kesgitlenen resmi bahasy hem-de gara bazar bahasy - hereket edýär. Merkezi bank dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri 3,5 manatlygynda saklaýar, ýöne gara bazarda ýerli puluň hümmeti resmi kursdan 5-6 esse ýokary bolmagynda galýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 20-nji fewralda paýtagtyň bankomatlarynda ýene-de uly nobatlaryň emele gelip başlandygyny, ýerli ýaşaýjylaryň pul nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändiklerini habar berdi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna prezident Gurbanguly Beridmuhamedowyň ogly, wise-premýer hem-de 12-nji mart saýlawlarynda prezident wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG