Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan COVID-19-a garşy çäreleri dikeldýär, waksinasiýany, test talabyny güýçlendirýär


Aşgabat, 2022-nji ýylyň ýanwar aýy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirdi. Häkimiýetler sebitlerde ilata sanjym edilmegine, şäherçeleriň we sebitleriň arasyndaky transport aragatnaşygynyň çäklendirilmegine we käbir kärhanalaryň işgärleriniň internet arkaly işlemek düzgüne geçmegi ýaly çärelere ünsi artdyrdy.

Lebap welaýatynda saglyk we polisiýa wekilleri, aeroportuň we başga-da birnäçe edaranyň işgärleri COVID-19 sanjymynyň ýene bir dozasyny aldylar. Bu barada 18-nji ýanwarda habar beren Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, häzir waksinanyň üçünji dozasyny alan döwlet edaralaryň işgärleri sanjymyň birinji we ikinji dozalaryny geçen ýylyň başynda we ortalarynda alypdy. Indi waksinanyň üçünji dozasyny mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň işgärleriniň almagyna garaşylýar.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýa hökmanydyr.

Ýurtda ilata waksina etmek prosesi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlandy. Ilkinji bolup waksinany saglyk we polisiýa işgärleri, harbylar we saglyk sebäpli howp astyndaky topara girýän raýatlar aldylar. Soňra 2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirusa garşy sanjymy hökmany etdi. Bu karar koronawirus ýokaşan we kesel zerarly ölen adamlaryň sanynyň düýpgöter köpelen döwründe kabul edildi. Emma türkmen ýolbaşçylygy ne şonda, ne-de häzir COVID-19-yň ýurtda bardygyny ykrar etdi.

Azatlygyň Lebapdaky çeşmelerine görä, ýerli lukmançylyk edaralarynda Hytaýda öndürilen dermanlar, şol sanda "Sinowak" tarapyndan öndürilen COVID-19 garşy "Wero Cell" waksinasy ulanylýar.

Bu aralykda Türkmenistanyň günbatarynda hem çäklendirmeler güýçlendirilýär. Balkanabat we Hazar şäherlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilhanalary öz işgärlerini internet üsti bilen uzakdan işlemek tertibine geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu barada Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berdi.

Balkan welaýatynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we öndürmek bilen meşgullanýan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň ofisleri bar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan “Petronas” we “Dragon Oil” kompaniýalarynyň ýerli edaralarynyň işgärlerine görä, kompaniýalar azyndan 1 aýlyk karantin girizmegi göz öňünde tutýarlar.

Balkan welaýatynda azyk dükanlaryndan, başga söwda desgalarynyň ählisi, şeýle-de kafeler, restoranlar we güýmenje desgalary ýapyk.

Türkmenbaşy porty çäkli tertipde işleýär. Azatlygyň habarçysy, häzir hususan-da, ýük terminalynyň we gämi abatlaýyş bölüminiň goldaw hyzmatynyň işleýändigini anyklady.

Bu çäklendirmeler transport pudagyna-da täsir etdi. Ýerli taksi sürüjileriniň aýtmagyna görä, işiň mukdary esli azalypdyr. Türkmenbaşyda we Balkanabatda döwletiň gözegçiligindäki taksi kompaniýalarynyň sürüjileriniň köpüsi iki aýlap tölegsiz rugsada ugradylypdyr. Taksi sürüjileriniň ýarysyna golaýy gazançsyz galypdyr.

Howa gatnawy pudagynda ýolagçylar üçin täze talaplar girizildi. Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 18-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, şol gün irden Türkmenabatdan Aşgabat şäherine barýan T5-172 reýsinde ýolagçylardan 6 sagatdan ozal edilen testiň negatiw netijeleri talap edilipdir. Talaby ýerine ýetirmedik ýolagçylara uçmaga rugsat berilmän, olaryň bir aýdan gowrak öň satyn alnan biletleriniň pullary yzyna gaýtarylmandyr.

Türkmenistan täze çäklendirmeleri 15-nji ýanwarda girizdi. Söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň tas ählisi köpçülikleýin ýapyldy. Bu gezek hem çäklendirmeler resmi bildiriş ýa-da düşündiriş berilmezden girizildi. Türkmen lukmanlary COVID-19 keseliniň häzir ýene-de köpelendigini habar berýärkä, häkimiýetler ýurtda koronawirusyň bardygyny boýun almaýarlar.

Geçmişde satuw, naharhana we hyzmat kärhanalary ýapylyp, ýurduň içindäki hereket çäklendirmeleri iki gezek, ýagny 2020-nji ýylyň iýulyndan 2021-nji ýylyň martyna çenli we 2021-nji ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň dekabryna çenli girizilipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG