Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Russiýanyň Ukraina hüjümi güýçlenýär: müňlerçe adam gaçýar, müňlerçe adam gaýtawul berýär
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.

1
Ulagyň içinde we gapdalynda ukrain uniformasyndaky rus harby gullukçylarynyň jesetleri. Olar 25-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewe edilen hüjümlerde atyldy.

2
Uruşdan gaçýan adamlar, Polşanyň Medyka şäheriniň golaýynda, bir ukrain maşgalasy serhetden geçýär. 25-nji fewral.

3
25-nji fewralda bir aýal Kiýewdäki raketa zarbasyna uçranýaşaýyş jaýyň öňünden barýar.

4
Ukrain esgerleri 2014-nji ýylda Russiýanyň tarapdary prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegine sebäp bolan Garaşsyzlyk meýdançasynda döredilen "Men Ukrainany söýýärin" diýen ýazgynyň alnyndan geçip barýarlar.