Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

THG: Türkiýede pulsuz galan türkmen studenti öz janyna kast etdi


Özüni heläklän türkmen studentiniň pasporty
Özüni heläklän türkmen studentiniň pasporty

23 ýaşly türkmen studenti Ýazdurdy Ýazdurdyýew 27-nji fewralda Stambulyň Maltepe etrabynda öz janyna kast etdi diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy (THG) habar berýär.

Türkiýäniň Gaziosmanpaşa uniwersitetinde okaýan Ýazdurdy Türkmenistandan studentlere geçirilýän serişde 50 dollara çenli azaldylanda iş gözlemäge mejbur bolýar we, koronowirus çäklendirmeleri zerarly, onuň okaýan okuw jaýy ýapylýar.

Ýazdurdynyň ejesiniň sözlerine görä, onuň ogly 3-nji fewralda Stambulda dereksiz ýitipdir. 5-nji fewralda oňa bir aýal Stambuldan telefon edip, Türkmenistanyň raýatydygyny bilip, Ýazdurdyny öýüne getirendigini we naharlandygyny aýdypdyr. Ýazdurdy oňa ejesiniň telefon nomerini beripdir.

Habarda aýdylmagyna görä, Ýazdurdynyň mobil telefony-da, puly-da, iýer-içer ýaly zady hem, ýatak ýeri-de ýok eken. Ol dört günläp köçede, ýagyş astynda ýaşapdyr.

Stambuldan telefon eden aýal özüniň Ýazdurdyny saklamaga ýagdaýynyň ýokdugyny, şu sebäpden Stambuldaky Haýdarpaşa hassahanasyna jaň edendigini aýdypdyr.

Studentiň ejesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutup, hiç bir kömek alyp bilmändir, türkmen diplomatlary ýaş ýigidiň jesedini maşgalasyna gowşurmaga-da, Türkiýede jaýlamaga-da kömek etmändir, türkmen aktiwistleri ony Siliwri gonamçylygynda jaýlamagy gurnadylar diýip, Türkmen Helsinki gaznasy ýazýar.

XS
SM
MD
LG