Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlygyň maglumatyndan soň, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy türkmen studentlerine ýardam berip başlady


Uruşdan gaçýan adamlar. Odessadan Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherine gelen adamlar demir ýol wokzalyndan çykýar. 3-nji mart, 2022 ý.

Russiýanyň Ukraina hüjümi tapgyr sekizinji gün dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň krizisden özbaşdak çykalga gözleýändigi baradaky maglumatyndan soň, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen studentlerine ýardam berip başlandygy habar berilýär. Şol bir wagtda, urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandaky hossarlary häkimiýetleriň özleriniň kömek sorap edýän ýüzlenmelerine hiç hili jogap bermeýändigini aýdýarlar.

"Türkmenistanyň ilçihanasy türkmenlere kömek edip başlady. Ýörite adamlaryň türkmen studentlerine ýoldaşlyk edip, awtobusda we otluda Lwowa çenli alyp gidýändigini aýtdylar. Olar Polşanyň üsti bilen Türkiýä we ondan soň hem watanyna dolanarlar" diýip, Ukrainadaky türkmenistanly bir student 3-nji martda gürrüň berdi.

Anonimlik şertinden söhbetdeş bolan student Türkmenistana dolanmak isleýän türkmen raýatlarynyň sanynyň örän azydygyny hem sözüne goşdy.

Azatlygyň bu barada 3-nji martda Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

Ýöne Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň adyndan ýaňy-ýakynda açylan bir Twitter hasaby Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen raýatlarynyň Kiýewiň demirýol menzilinden ýurduň günbatar sebitlerine tarap äkidilmegini guramalaşdyrandygyny aýdýar.

"Bu raýatlaryň köpüsi eýýäm Polşanyň we Rumyniýanyň serhetlerinden geçdiler, galanlary ýakyn wagtda serhetlerden geçmäge taýýarlanýar" diýlip, Twitter hasabynda aýdylýar.

2-nji martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan, Ukrainadaky metrolaryň birinde bukyda garaşýan türkmenistanly bir student özlerine hiç kimiň kömek etmeýändigini gürrüň berdi. Türkmen dilli käbir sosial media hasaplary hem Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň öz raýatlarynyň ewakuasiýa edilmegine ýardam bermeýändigini aýtdylar.

Bu aralykda, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler ene-atalaryň ençemesi Ukrainadaky çagalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýurtdan çykmagyna kömek etmegi sorap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Migrasiýa gullugyna ýüzlenýärler. Raýatlaryň ýüzlenmeleri jogapsyz galýar.

"Studentleriň elinde pul ýok. Olar nädip hereket etjeklerini hem bilmeýärler. Studentler türkmen ilçihanalarynyň hem kömek etmeýändigini aýdýarlar. Türkmenistandaky ýolbaşçylar hem bizi kabul etmän, yzymyza iberýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ene 3-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Daşary işler ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji martda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Ukrainada galan türkmenleriň sany barada takyk statistiki maglumat ýok. Ýöne turkmen.news neşiri käbir maglumatlara görä, Ukrainada 6 müňden gowrak türkmenistanly talybyň bardygyny aýdýar.

3-nji martda BMG-niň bosgunlar boýunça gullugy soňky ýedi günüň dowamynda 1 million adamyň Ukrainadan goňşy ýurtlara gaçandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugat serişdeleri Ukrainada dowam edýän uruş we urşuň arasynda galan türkmenistanlylar barada habar bermeýär. Bu barada türkmen resmileri hem aç-açan çykyş edip, öz pikirlerini beýan etmeýärler.

Ýöne Marydaky habarçymyz şu günler bu urşuň ýurt raýatlarynyň arasynda gürrüňi edilýän esasy tema öwrülendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu uruşdan soňra, raýatlaryň ýakynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny hem tas ýatdan çykarandygyny belleýär.

"Adamlaryň köpüsi asuda oturan Ukraina döwletiniň üstüne Russiýanyň çozandygyny aýdýarlar. Halk ruslary goldamaýar" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde 3-nji martda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, polisiýa işgärleriniň ilaty türk däl-de, rus telekanallaryna tomaşa etmäge çagyrýandygyny aýdýar.

"Kanun goraýjylaryň tas ählisi Putini goldaýar. Olar köçede ýa-da üýşmeleňde Ukrainadaky urşy maslahat edýän adamlary görenlerinde, rus telekanallaryny görseňiz hakykaty görersiňiz diýýärler" diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.

Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşy özüniň ikinji hepdesine girdi. Russiýanyň metbugaty rus goşunynyň 24-nji fewralda Ukraina başlan çozuşyny "ýörite harby operasiýa" atlandyrýar. Halkara jemgyýetçiligi Russiýanyň agressiw hereketlerini berk ýazgaryp, Ukraina goldaw beýan edýärler. BMG 2-nji martda Russiýanyň "Ukraina garşy agressiýasyny" berk ýazgarýan karary kabul etdi. Türkmenistan mejlise gatnaşmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG