Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýol heläkçiliginde 24 ýaşly türkmenistanly öldi


Ukrainada ýol hadysasynda heläk bolan Karşibaýew Alijanyň pasport nusgasy
Ukrainada ýol hadysasynda heläk bolan Karşibaýew Alijanyň pasport nusgasy

Ukrainanyň Çerniweskoý oblastynyň Taraşani obasynda, Russiýanyň bu ýurda çozmagynyň arasynda, goňşy ýurt bilen serhet araçägine tarap barýan ulagyň ýol heläkçilige uçramagy netijesinde Türkmenistanyň bir raýaty heläk boldy.

Ukrain habar serişdeleriniň maglumatyna görä, 2-nji martda ýerli wagt bilen sagat 20:30 Toyota Camry kysymly ulagyň kiýewli sürüjisi Skoda Octavia ulagy bilen çaknyşypdyr.

Hadysada Skoda Octavia ulagynyň 39 ýaşly sürüjisi we onuň ýanyndaky 24 ýaşly türkmenistanly ýolagçy heläk boldy.

Azatlyk Radiosyna ýogalan türkmenistanlynyň pasport nusgalary elýeterli boldy. Onda merhum Karşibaýew Alijanyň asly Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Akgumolam obasyndan bolandygyny görse bolýar.

Ýol heläkçiligi bilen baglylykda Toyota Camry ulagynyň sürüjisi saklandy, şeýle-de ýol düzgünleriniň kadalarynyň bozulmagy boýunça jenaýat işi açyldy.

Türkmen häkimiýetleri öz raýatynyň heläk bolandygy baradaky maglumaty häzirlikçe ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş etdiler.

Azatlyk Radiosy Russiýanyň 24-nji fewralda esassyz Ukraina çozmagy netijesinde köp sanly türkmenistanlynyň, hususanda studentleriň agyr ýagdaýa düşendigi we olaryň öz güýçleri bilen goňşy ýurtlara aşmaga synanyşýandygy barada maglumat berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG