Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy "elitnyý" jaýlaryň görküne "zyýan ýetirýär" diýip, zibil dörýänleri wagtlaýyn tussag etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň polisiýasy "elitnyý" ýaşaýyş jaýlarynyň görküne zyýan ýetirýändiklerini aýdyp, zir-zibil çeleklerini dörýän adamlary wagtlaýyn tussag etdi, soňra-da goýberdi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen paýtagtyndan habar berýär.

"16-njy sentýabrda Köpetdag etrabynyň polisiýasy ilat arasynda "elitnyý" diýlip atlandyrylýan jaýlaryň ýerleşýän sebitine reýd geçirip, zibil dörýänleri tussag etdi. Olaryň käbiri gaçmagy başardy. Tussag edilenler Ýunus Emre köçesiniň ugrunda ýerleşýän Polisiýa müdirligine eltildi" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 18-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu reýdler Nurmuhammet Andalib, 10 ýyl abadançylyk, Ýubileýnaýa köçeleriniň we Arçabil şaýolunyň aralygynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki zibil çelekleriniň giňişliginde geçirildi.

Aglaba ýurduň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň ýaşaýan bu sebitinde her bir zada mätäç adamlar, işsizler we pensionerler zibil dörüp, iýmek üçin azyk we satmak üçin baklažka, çüýşe gözleýärler.

"Polisiýa işgärleri zibil dörýänleriň "gülläp ösýän" elitnyý etrapçasynyň görküni zaýalaýandyklaryny aýtdylar. Şeýle-de, olar zibil dörýän adamlaryň öýsüz itleri we pişikleri naharlaýandyklaryny belläp, munuň jenaýatdygyny hem aýtdylar. Ýöne bu baradaky kanunçylygy görkezmediler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýa müdirligine eltilen adamlaryň tas ählisi aradan gysga wagt geçenden soň yzyna goýberildi. Muňa zibil çeleklerini dörýän adamlaryň aglabasynyň ýaşamak üçin Aşgabatda ýazgyda durandygy sebäp boldy.

"Eger ýurtda karantin çäklendirmeleri bolmasa, tussag edilenleriň aglabasy Daşoguza, alkogolizmden "saplanmak" üçin bejergi almaga iberilerdi. Sebäbi bu ýere, pandemiýadan ozal, spirtli içgilere garaşly bolmadyk adamlar hem iberilýärdi" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly çeşmämiz habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bäş ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady krizisiň we koronawirus pandemiýasynyň arasynda, Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş derejesi, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, düýpgöter peseldi. Dilegçilik edýän ýa-da zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar, şol sanda garrylar, maýyplar we ýaş çagaly gelinler köpeldi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi, ilatyň çekýän kynçylyklaryny aç-açan tassyklamaýarlar, ara alyp maslahatlaşmaýarlar we garyplygyň bardygyny ykrar etmeýärler.

Muňa derek, türkmen resmileri ýurduň dürli sebitlerinde zibil dörýän adamlara garşy wagtal-wagtal göreş yglan edýärler. Şeýle-de, ýurt resmileri zibil dörýän adamlary jemagat gullugynyň eşiklerini geýmäge we dilegçileri satyjy ýaly bolmaga mejbur etmek arkaly olaryň bardygyny ýaşyrmaga synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG