Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Ukrainadan Russiýa we Belarusa çykmaga ýol berýär; Kiýew muny 'ahlaksyzlyk' atlandyrýar


 Metbugat sekretary Russiýany öňki ewakuasiýa synanyşyklaryna hem bilkastdan päsgelçilik döretmekde aýyplady.
Metbugat sekretary Russiýany öňki ewakuasiýa synanyşyklaryna hem bilkastdan päsgelçilik döretmekde aýyplady.

Rus goşuny, Mariupoldan parahat ilaty ewakuasiýa etmek synanyşygynyň şowsuz gutaran gününiň ertesi, Ukrainanyň paýtagty Kiýewden, şeýle-de Mariupol, Harkow we Sumy şäherlerinden raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine ýol berilmegi üçin, ýerli wagt bilen ir sagat 9-da atyşygyň togtadylmagyny buýranyndan soň, Ukraina Moskwany bosgunlary diňe Russiýa we Belarusa göçmäge mejbur etmek bilen, halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmaga synanyşmakda aýyplady.

“Nowosti” habar gullugynyň Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp çap eden ewakuasiýa ýollary adamlara diňe Russiýa we Belarusa gitmäge rugsat beriljekdigini görkezýär.

Ukraina bu çäräni "ahlaksyzlyk" diýip atlandyrdy, prezident Wolodymyr Zelenskiniň metbugat wekiliniň sözlerine görä, ukrain raýatlaryna öýlerini Ukrainanyň çäginden terk etmäge rugsat berilmeli.

"Bu düýbünden ahlaksyz gürrüň. Adamlaryň görýän görgüleri islenilýän telewideniýe şekillerini döretmek üçin ulanylýar" diýip, metbugat wekiliniň ýazmaça habarynda aýdylýar.

"Bular Ukrainanyň raýatlary, olaryň Ukrainanyň çägine ewakuasiýa edilmek hukugy bolmaly" diýip, metbugat sekretary Russiýany öňki ewakuasiýa synanyşyklaryna hem bilkastdan päsgelçilik döretmekde aýyplady.

Wise-premýer Iryna Wereşçuk Ukrainanyň Russiýany 7-nji martda ukrainleriň günbatardaky Lwow şäherine tarap ewakuasiýa edilmegine ýol açmaga çagyrýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi operatiw toparyň ewakuasiýa çärelerine pilotsyz uçarlar arkaly gözegçilik etjekdigini aýtdy. Atyşygyň togtadylmagynyň näçe wagt dowam etjekdigi bada-bat belli edilmedi.

Topa tutulan Mikolaýew şhäri
Topa tutulan Mikolaýew şhäri

Operatiw topar arakesme meselesiniň hepde ahyrynda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşen fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň haýyşyndan soň çözülendigini aýtdy.

Şeýle-de, operatiw toparyň beýanatynda görkezilen ýerlerden daşarda atyşygyň togtadyljakdygy ýa däldigi belli edilmedi.

Ukraina Russiýa bilen ynsanperwerlik koridorlaryny döretmek boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini, emma rus güýçleriniň öňe süýşmäge synanyşýan mahaly bu geçelgeleri gurmagyň mümkin däldigini aýtdy.

Bu Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreli bäri iki tarapyň Belarusda geçirýän üçünji gepleşigi bolup durýar, mundan öňki iki gepleşik netijesiz gutardy.

Russiýany goldaýan separatistler bilen ukrain resmileri top oklaryndan gaçyp gutulmaga synanyşan müňlerçe raýat üçin Gara deňziň boýundaky Mariupol şäherinden ynsanperwerlik koridoryny açmagyň başa barmazlygynda bir-birini günäkärleýär.

Ukrain resmileri Moskwanyň atyşygyň bes edilmegi barada aýdanlaryny entek tassyklamady. Atyşygy togtatmak barada baglaşylan öňki ylalaşyklar parahat ilatyň gaçyp çykmagyna mümkinçilik bermedi.

Rus güýçleri 7-nji martda Kiýewiň 480 km günortasynda ýerleşýän Mikolaýew şäherini topa tutup, hüjümlerini dowam etdirdiler. Halas edijiler ýaşaýyş etraplaryna atylan raketalaryň turzan ýangynlaryny öçürmek bilen meşgullanýandyklaryny aýtdylar.

Harby gulluçy gaçyp barýan maşgala kömek edýär.
Harby gulluçy gaçyp barýan maşgala kömek edýär.

Kiýewiň eteklerini, şol sanda Irpini topa tutmak dowam etdi. Irpinde üç günläp elektrik, suw we ýyladyş bolmady.

Ýaşaýjylar howadan urulýan zarbalar sebäpli Irpinden Kiýewiň etegindäki başga bir şähere, Buça gaçmaga synanyşdylar.

"Russiýa Ukrainanyň şäherlerine we şäherçelerine raketa, bomba we artilleriýa hüjümlerini dowam etdirýär" diýip, Baş ştab aýtdy. “Basybalyjylar Ukraina howa zarbalaryny urmak üçin Belarusyň aerodrom ulgamlaryndan peýdalanmagy dowam etdirýärler" diýip, beýanatda aýdylýar.

Žurnalistleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýerlerde bolup, ýaşaýyş sebitleriniň oka tutulýandygyny dokumentleşdiren anyk subutnamaly habarlaryna garamazdan, Moskwa asuda adamlaryň ýaşaýan ýerlerini topa tutýandygyny ret edýär we öz kampaniýasyny "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýar.

6-njy martda Kiýew Günbataryň Kremle garşy sanksiýalary hasam güýçlendirmegi baradaky haýyşyny gaýtalady we ýene bir gezek özüne Russiýada öndürilen uruş uçarlaryň berilmegini sorady.

BMG-niň bosgunlar gullugynyň habaryna görä, Polşa, Rumyniýa we Moldowa ýaly goňşy ýurtlaryň uruşdan gaçýan aýallary we çagalary aldygyna kabul etmegi bilen, uruş başlanaly bäri Ukrainany terk edenleriň sany 1,5 milliona ýetdi.

Putin 6-njy martda Makron bilen eden telefon gürrüňinden başga Ysraýylyň premýer-ministri Naftali we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen söhbetdeş boldy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 6-njy martda daşary ýurtlaryň Ukrainanyň üstünde uçuş gadaganlygy zolagyny girizmegi baradaky çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady.

Zelenski özüniň täze wideo ýüzlenmesinde “dünýä biziň asmanymyzy ýapyp biljek derejede güýçli” diýdi.

NATO, Russiýa bilen göni gapma-garşylygyň dünýä urşuna getirip biljekdigi baradaky howatyr sebäpli, bu hili ýapylyşy goldamady.

XS
SM
MD
LG