Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB  Türkmenistana "Dowzah derwezesini" ýapmak kömegini hödürleýär


Açyk gaz ýatagy

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Türkmenistanyň Derwezedäki açyk gaz kraterini ýapmak kararyna gyzyklanma bildirýär.

“Ýurt strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ugurdaş gazyň ýanyşyny bes etmegiň mümkin bolan tehniki we ykdysady usullaryny öwrenmekde Türkmenistana goldaw bermäge gyzyklanmamyzy beýan etmek isleýäris” diýip, ÝDÖB-niň prezidenti Odil Reno-Bassonyň işden çekilýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýazan hatynda aýdylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Derweze kraterinden çykýan Co2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, ÝDÖB türkmen hökümetine tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlaşmagyň mümkinçiliklerini öwrener.

Şeýle-de bank, ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, bu ugurda bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip biljekdigini habar berýär.

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde Derwezede 50 ýyl çemesi ýanyp duran açyk gaz ýatagyny öçürmek meselesini gozgady, ýöne bu işiň haçan we nädip amala aşyryljakdygyny aýtmady.

Türkmenistan howa goýberýän zyýanly galyndylarynyň möçberi boýunça dünýäde “ýokary” derejelerde durýar we daşky gurşawyň goragyny ýeterlik üpjün etmezlikde tankytlanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG