Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlaryň öňüsyrasynda Aşgabatda howpsuzlyk güýçlendirilýär, käbir bazarlar ýapylýar


Illýustrasiýa. Arhiw suraty.
Illýustrasiýa. Arhiw suraty.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilýän irki prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda paýtagt Aşgabatda howpsuzlyk güýçlendirilýär, käbir bazarlar wagtlaýyn ýapylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň “Älemgoşar”, “Parahat”, “Azatlyk” we “Ak ýol” bazarlarynyň derwezelerine gulp asylandygyny habar berdi.

Bazarlaryň duýdansyz ýapylmagy şäher ilatynyň kiçi azyk dükanlaryna ýykgyn etmegine getirdi.

“Adamlar duýdansyz ýapylan bazarlara baryp, zerur bolan azyk önümlerini satyn alyp bilmän kösendiler. Kiçi dükanlarda et, çörek, sogan, kartoşka, ýumurtga we ýag ýaly azyk önümleriniň ýetmezçiligi emele geldi” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ses bermek 12-nji martda Aşgabat wagty bilen irden 7-de başlap agşam 9-da tamamlanar. Merkezi saýlaw toparyna görä, ýurt boýunça 3,434,762 saýlawçy hasaba alnypdyr, olardan 98,940-dan gowrak saýlawçynyň ilkinji gezek ses berýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparyna görä, saýlawlara 50-den gowrak halkara synçynyň syn etmegine garaşylýar. Saýlaw topary GDA agza ýurtlardan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletler Guramasyndan we daşary ýurt döwletlerinden halkara synçylaryň ýurda gelendigini habar berýär.

Has ozal, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Baha beriji topary 8-nji martda hasabat çap edip, gurama türkmen saýlawlaryna synçy ibermezligi maslahat berdi. Topar öz kararyny saýlawlara çenli bolan döwrüň çäkli bolmagy, Türkmenistana barandan soň 14 gün möhlet bilen talap edilýän COVID-19 karantin düzgünleri, galyberse-de, saýlawlarda syýasy plýuralizm we esasy adam hukuklaryny ösdürmek babatda edaranyň mundan ozal Türkmenistana beren maslahatlarynyň berjaý edilmezligi bilen esaslandyrdy.

Ýerli we halkara synçylar Türkmenistanda geçirilýän saýlawlary ýurtda ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek üçin gurnalan çäre hökmünde häsiýetlendirýärler.

Saýlawlarda başga-da ýene sekiz dalaşgär bilen bir hatarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine dalaş edýär.

Bu aralykda, Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara daşary ýurtlarda öz pikirdeşleri tarapyndan hödürlenen türkmen oppozisiýa dalaşgäriniň atlary saýlaw býulletenlerine girizilmedi. Olar Merkezi saýlaw topary tarapyndan resmi taýdan bellige alnan dalaşgärleriň sanawyna goşulmady.

Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanda doglan, azyndan 15 ýyl bäri ýurduň çäginde ýaşaýan hem-de işläp gelýän, türkmen dilinde gürleýän 40 ýaşdan ýokary raýatlaryň prezidentlige dalaş etmegine rugsat berýär.

ÝHHG-nyň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Baha beriji toparynyň 8-nji martda çap eden hasabaty Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik şertleriniň raýatyň ýaşaýan ýeri, dili we işi bilen bagly çäklendirilmeginiň halkara ülňülere gabat gelmeýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine pikirdeşleri tarapyndan hödürlenen käbir oppozisiýa agzalary türkmen saýlawlaryna alternatiw hökmünde onlaýn anketa düzüp, pikir soraşyk geçirýärler. Ýurduň içinde we daşynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine öz dalaşgärligini yglan eden kandidatlaryň atlary onlaýn anketa girizilipdir.

Türkmenistanda geçiriljek irki saýlawlar bilen prezident wezipesini eýelejek dalaşgär öňümizdäki ýedi ýylyň dowamynda ýurda baştutanlyk eder.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde özüniň wezipeden çekilmek niýetini mälim edensoň, Türkmenistanyň Mejlisi 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Munuň yz ýany, Merkezi saýlaw topary ýurtda saýlaw möwsümini yglan etdi. Ilkinjilik bilen, 15-nji fewralda Türkmenistanyň prezidentiniň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligi bellige alyndy. Merkezi saýlaw topary 15-nji fewral – 22-nji fewral aralygynda, sekiz günüň içinde, dokuz dalaşgäri bellige alyp, ýurtda tutuş saýlaw möwsümi 26 gün töweregi dowam etdi.

Munuň bilen, 12-nji mart irki prezident saýlawlary Türkmenistanyň taryhynda iň gyssagly geçirilen saýlawlaryň biri boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG