Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly býujet işgärleri ýeralma tohumy üçin pul goşup, ekişe gatnaşmaga mejbur edilýär


Ýeralma meýdany. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) websaýtyndan alnan surat.
Ýeralma meýdany. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) websaýtyndan alnan surat.

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň tas ählisinde işgärleriň her birinden ýeralma tohumyny satyn almak üçin 50 manat pul tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, her edaradan 10 adam ýeralma ekişine mejbury iberilýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan Ýolöten etrabynyň "Galkynyş" gaz zawodunyň birnäçe işgäriniň sözlerine görä, ýeralma ekişine çekilen adamlar Türkmengala etrabyndaky ekin meýdanyna ýatymlaýyn gitmeli edildiler.

"Işgärleriň her biri ýeralma tohumy üçin 50 manat tabşyrmaly bolýar. Şeýle-de, 10 adam ýedi günlük ýeralma ekmäge gitmeli edildi. Ýeralma ekmäge gitmejek adamlardan 50 manatdan başga-da 150 manat, jemi 200 manat tabşyrmak talap edilýär" diýip, zawoduň bir işgäri anonimlik şertinde 15-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýeralma ekişine ýatymlaýyn gatnaşmaly edilen işgärler üçin ekin meýdanlarynda hiç hili ýaşaýyş şerti döredilmeýär. Olar gije ýatmak üçin jaý, çadyr ýa wagon bilen hem üpjün edilmeýär.

"Başlygymyz bize "ýanyňyz bilen düşekleriňizi alyň, aňyrda ýatar ýaly ýer ýok ýa-da awtoulagyňyz bar bolsa, şonda ýatyp turmasaňyz, aňyrda ýaşamaga hiç hili şert ýok. Her günki iýjek naharyňyz we çöregiňiz, hatda işjek suwuňyz hem öz boýnuňyza bolýar. Gerek dermanlaryňyzy hem alyň. Aňyrda siziň aladaňyzy etjek adam ýok" diýdi" diýip, işgär belledi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu şertleri eşiden býujet işgärleriniň aglabasy ekişe gitmegiň deregine 150 manat pul bermegi saýlap alýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Ýolöten etrap häkimliginden we agzalan zawoddan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler döwlet plan borçnamasy esasynda ýeralma ekilýän ekin meýdanlarynyň möçberini artdyrýar. Şu ýyl Türkmenistanda ýazlyk ýeralma ekişine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 17-nji fewralda, Daşoguz welaýatynda 2-nji martda girişildi. Resmi maglumata görä, şu ýyl ýurtda jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Ýöne habarda şu ýyl ýurtda näçe mukdarda ýeralma hasylyny almagyň göz öňünde tutulýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda döwlet plan borçnamasy esasynda ýeralma ekmek üçin kärendeçilere ýörite ýerler bölünip berilýär. Döwlet bilen daýhanyň arasyndaky şertnama laýyklykda, kärendeçi daýhanlar öz ýetişdiren hasylyny döwlete satmaga borçlanýar. Döwlet bolsa, öz gezeginde, daýhany dökün, suw, tehnika we tohum bilen üpjün etmek işlerini öz üstüne alýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary, ýerli kärendeçiler we türkmenistanlylaryň ençemesi, döwletiň öz üstüne düşýän borçlaryny köplenç býujet işgärleriniň, esgerleriň we okuwçylaryň hasabyna amal edýändigini aýdýarlar. Häkimiýetler olardan tohum üçin pul ýygnap, olary ekişe we hasyly ýygnamak işlerine mejbury gatnaşdyrýarlar.

Bu aralykda, maryly habarçymyzyň sözlerine görä, köp býujet işgäri häkimiýetleriň täze saýlanan prezidentiň abraýyny ýokarlandyrmak üçin pul ýygnamak, mejbury ekişe çekmek ýaly çärelerini iň bolmanda iki-üç aý bes etmegine garaşýardy. Ýöne ol býujet işgärleriniň bu tamasynyň puja çykandygyny belleýär.

"Prezident saýlanyp, saýlanmanka halky talap başladylar. Hiç zat üýtgemedi. Bizden, ýagny býujet işgärleriniň her birinden ýygnanýan 50 manady jemleseň, ummasyz gaty köp bolýar. Oňa tonnalap ýeralma düşmeli. Başlyk ogurlaýar, ondan ýokardakylar ogurlaýar. Adamlar biz býujet edarasynda işlesek gowumy ýa işlemesek gowumy, edil şonuň ýaly Türkmenistanda ýaşasak gowumy ýa-da ýaşamasak gowumy diýip aýdýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujet işgäri 14-nji martda gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG