Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ýeralma ekişine fewralda badalga berse-de, kärendeçileriň tas 90%-i tohumyň gelmegine 'garaşýar'


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýazlyk ýeralma we sogan ekişine badalga berlendigini baryp fewralyň ortalarynda yglan etse-de, Lebap welaýatynyň kärendeçi daýhanlary heniz köp ýerde ekişe girişilmändigini habar berýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply kärendeçiler muňa döwlet tarapyndan tohum, dökün, tehnika we suw üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmazlygynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

"Döwletiň ýeralma we sogan borçnamasy üçin tohum we dökün heniz-de gelmeýär. Ýerleriň şory ýuwulmaýar. Sürüm üçin tehnikalar ýok. Ýeralma ekýän traktorlar we suwaryjylar ýok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaly daýhan 14-nji martda gürrüň berdi.

Ýagdaýdan habarly lebaply agronomyň habarçymyza aýtmagyna görä, şu ýyl döwlet ýeralma borçnamasyny ençeme esse artdyrdy. Bu bolsa, tohuma bolan talabyň hem ýokarlanmagyna getirdi. Ýöne karantin, saýlaw we Ukrainadaky wakalar sebäpli Russiýadan tohum gelip ýetişmedi.

"Häzir welaýatda ýeralma we sogan ekjek daýhanlaryň tas 90 göterimi tohumyň gelmegine garaşýar" diýip, agronom sözüne goşdy.

Bellesek, Türkmenistanda döwlet plan borçnamasy esasynda ýeralma we sogan ekmek çäresi, güýzlük we ýazlyk görnüşinde, ýylda iki gezek geçirilýär.

Şu ýyl ýazlyk ýeralma ekişine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 17-nji fewralda, Daşoguz welaýatynda 2-nji martda girişildi.

"Häzirki wagtda döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýeralma ekýän kuwwatly traktorlar we suw gorlaryny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýän suwaryjylar daýhanlarymyza uly ýardam berýär" diýlip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.

Ýöne lebaply kärendeçiler häkimiýetleriň bu serişdelerinden köplenç "saýlama", ýagny ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan daýhanlaryň peýdalanyp bilýändigini aýdýarlar.

Olar ekişden gijä galmajak bolup, häzirki wagt tohumy, döküni öz maddy çykdajylarynyň hasabyna satyn alyp, sürüm işlerini geçirjek tehnikalar üçin hem pul tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

"Bir kilogram sogan tohumyny 500 manada, bir kilogram ýeralma tohumyny 15-20 manada satyn alýarys. Bir gektar meýdanyň sürüm işleri üçin 2 müň manat, mineral dökünler, şol sanda azot we fosfor üçin 1 müň 500 manat tölemeli bolýarys. Bu ýagdaý geçen ýyllarda hem gaýtalanýardy. Ýöne öňkülerden tapawutlylykda, indi kärendeçilere bu önümler karz berlip, harmanda hasaplaşylmaýar. Bular üçin nagt töleg talap edilýär" diýip, lebaply kärendeçi aýtdy.

Türkmenistanda döwlet plan borçnamasy esasynda kartoşka ekmek üçin kärendeçilere ýörite ýerler bölünip berilýär. Döwlet bilen daýhanyň arasyndaky şertnama laýyklykda, kärendeçi daýhanlar öz ýetişdiren hasylyny döwlete satmaga borçlanýar. Döwlet bolsa, öz gezeginde, daýhany dökün, suw, tehnika we tohum bilen üpjün etmek işlerini öz üstüne alýar.

Kärendeçiler häzirki şertlerde özleriniň zyýana galjagynyň ikuçsyzydygyny, sebäbi ýeralmanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň tohumyň çykdajysyny hem ödemeýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, habarçymyz geçen ýyllarda bolşy ýaly welaýatyň käbir mekdepleriniň üstüne ýeralma ekmek borçnamasynyň ýüklenendigini we her bir mekdebe 10 gektar ýeriň bölünip berlendigini habar berýär.

"Bu ýerde sürüm we ýuwuş işlerini geçirmek, dökün we tohum satyn almak mekdep işgärleriniň boýnuna ýüklenýär. Olar bular üçin pul goşmaly bolýarlar" diýip, faraply mekdep mugallymlarynyň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, ýurt häkimiýetleri ýeralmany ýygnamak prosesinde hem býujet işgärlerine bil baglaýar. Býujet işgärleri we mekdep okuwçylary ýeralma ýygnamak işlerine mejbury çekilýärler.

Türkmenistanda kärendeçileriň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçiligindäki bökdençlikler indi ýyllarboýy dowam edip gelýär. Türkmen oba hojalyk resmileri ýurduň bu pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, täze innowasion tehnikalaryň satyn alynýandygyny we kärendeçileriň bol hasyl almagy üçin "ähli zerur şertleriň döredilýändigini" tekrarlaýarlar. Ýöne olar Azatlygyň bu barada kommentariýa almak synanyşyklaryna jogap bermeýärler.

Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistanda jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek we ýeralmanyň hasylyny tomus aýynyň başynda ýygnamak meýilleşdirilýär. Ýöne habarda şu ýyl ýurtda näçe mukdarda ýeralma hasylyny almagyň göz öňünde tutulýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG