Rus harbylarynyň 14-nji martda Ukraina garşy edýän ganly hüjümlerini dowam etdirýän wagtynda iki tarap Moskwanyň başlan esassyz çozuşyny togtamak baradaky gepleşikleriň dördünji tapgyryny geçirip, hiç bir ilerleme gazanyp bilmedi, ýöne gepleşigi 15-nji martda dowam etdirmek ylalaşygyna geldi.
Öň ýüzbe-ýüz geçirilen üç duşuşykdan soň wideo arkaly geçirilen gepleşik Russiýanyň Ukrainanyň dürli ýerlerindäki hüjümlerini has güýçlendiren wagtyna gabat geldi.
Şu aralykda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Russiýa garşy sanksiýalaryň dördünji toplumyny girizmek barada ylalaşyga geldi diýip, ÝB-niň gezekli prezidentligini ýerine ýetirýän Fransiýa 14-nji martda yglan etdi.
Rus harbylary çozuşyň ilkinji hepdesinden bäri daşy gabalan port şäherinden, Mariupoldan çykmaga çalyşýan adamlaryň ilkinji kerwenine rugsat berdi, ýöne şähere barmaga synanyşýan kömek kerweniniň ýoluny petikledi.
Çozuşyň ilkinji hepdesinden bäri daşy doly gabalan Mariupol Moskwanyň başlan urşunda şu wagta çenli iň erbet gumanitar krizisine sezewar bolan şäher boldy. Rus güýçleriniň yzyny üzmän ýagdyrýan bombalaryndan gaçyp, ýerzeminlere özüni atan ýüzlerçe müň adam hepdeläp aç-suwsyz galdy.
Rus goşunlary paýtagt Kiýewi topa tutup, azyndan bir adamy öldüren bolsa, Russiýanyň Goranmak ministrligi sowet döwründe öndürilen ukrain raketasynyň bölekleriniň gündogar Donetsk şäheriniň merkezinde ýarylyp, 23 adamyň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdy hem-de köp adamly köçede ýarylan raketanyň, parçalanan awtoulaglaryň wideo ýazgysyny çap etdi. Emma Moskwanyň bu beýanaty garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Çozuşyň 19-njy gününde geçirilen dördünji tapgyr gepleşikde 15-nji martda gepleşikleri dowam etdirmekden başga üstünlik gazanylmady.
Diplomatik tagallalar, rus goşunlarynyň paýtagta we beýleki uly şäherlere edýän basyşlaryny dowam etdirmegine garamazdan, Moskwanyň has köp raýata ewakuasiýa mümkinçiligini bermegine umyt döretdi.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Iryna Wereşçuk 14-nji martda 4000 töweregi adamyň 10 sany gumanitar koridor arkaly ewakuasiýa edilendigini, emma entek köp adamyň howply zonada galandygyny aýtdy.
Mariupol şäher häkiminiň geňeşçisi Petro Andriuşenko Mariupoly gaban rus güýçleriniň 14-nji martda ýerli atyşygy ilkinji 160 awtoulagyň takmynan 225 km uzaklykda ýerleşýän Zaporižiýa şäherine barýança saklandygyny aýtdy.
Ol gumanitar koridorlary ulanan 150,000 töweregi ýaşaýjynyň şäherden çykmagy başarandygyny, 350 000 töweregi ýaşaýjynyň bolsa şäherden çykyp bilmän galandygyny aýtdy.
"Olar häzir gaty agyr şertlerde gün görýärler. Käbir sebitlerde häzir suw düýpden ýok, elektrik kesilen" diýip, ol adamlaryň eretmek üçin gar ýygnaýandygyny we onuň suwuny hem içmek, hem nahar bişirmek üçin ulanýandygyny aýtdy.
Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, 14-nji martda rus güýçleri Ukrainanyň günbataryndaky Riwne şäheriniň daşyndaky telewideniýe diňini uranda dokuz adam ölüp, ýene dokuz adam ýaralandy.
Ýurduň bir topar ýerinde, şol sanda Günorta Mykoleýw şäherine we demirgazyk Çernihow şäherine urlan howa zarbalary netijesinde, şäherleriň köpüsiniň ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykandygy habar berildi. Öten agşam ruslar tarapyndan gabalan port şäherinde, Gara deňiz boýundaky Hersonda hem partlama sesleri eşidildi.
ÝB-niň fransuz prezidentligi Russiýanyň söwda statusyny ýatyrmagyň täze sanksiýalar tapgyrynyň bir bölegi boljakdygyny, bu çäräniň rus harytlaryna gadaganlyk girizmek ýa-da jeza tariflerini goşmak üçin ýol açyp biljekdigini aýtdy.
Diplomatlar sanksiýalaryň Russiýanyň polat we demir önümleriniň importyna, 50 000 ýewrodan ýokary bahasy bolan awtoulaglary eksport etmegine, nebit kompaniýalaryna we energiýa pudagyna maýa goýumlaryny goýmaga gadagançylyk girizjegini aýtdylar.
Çelsi futbol klubynyň eýesi Roman Abramowiç we ýene 14 adam ÝB-niň sanksiýa girizen rus milliarderleriniň sanawyna goşular diýip, diplomatlar aýtdy.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan 14-nji martda Rimde Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýokary derejeli diplomaty Jang Jieçi bilen duşuşdy we Hytaýyň Russiýa berýän goldawy baradaky aladalary "gönüläp we açyk" aýtdy diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs habar berdi.
Waşingtonda, ABŞ-nyň Senatynyň köplük lideri Çak Şumer we Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi 14-nji martda ýazan hatynda Zelenskiniň 16-njy martda wideo baglanyşygy arkaly ABŞ Kongresine ýüzlenjekdigini aýtdy.
Şu aralykda, rus güýçleriniň zarbalaryny ýygjamladyp, paýtagta golaýlaşmagy bilen, Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko 35 sagatlyk komendant sagadyny yglan etdi. Ol ýurduň paýtagtynyň "kyn we howply pursat" bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Öňki boks çempiony 15-nji martda Telegramda beren beýanatynda komendant sagadynyň Kiýew wagty bilen öýlän sagat 8: 00-da başlajakdygyny, şäheriň töwereginde ýötite rugsady bolmadyk adamlaryň hereket etmeginiň gadagandygynu aýtdy.
Kliçkonyň bu habary 24-nji fewralda ýurda çozan rus goşunlary tarapyndan daşy gurşalan Kiýewe edilýän hüjümleriň güýçlendirilmeginden birnäçe sagat soň geldi.
"Bu kyn we howply gün” diýip, şäher häkimi aýtdy.