Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Kiýewe hüjümlerini ýaýbaňlandyrýar, Zelenski Kongresde çykyş etmäge taýýarlanýar


Russiýanyň hüjümi netijesinde Kiýewiň ýaşaýyş jaýlarynyň birinden gaçyp barýan parahat ilat.

Russiýa öten agşamyň dowamynda Kiýewe garşy bombaly hüjümleri ýaýbaňlandyrdy, şeýle-de port şäheri Mariupola garşy täze hüjümleri amala aşyrdy. Parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilýän wagty, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenksiniň ABŞ-nyň Kongresinde çykyş edip, has köp hemaýaty soramagyna garaşylýar.

Rus güýçleri Kiýewiň etegine, hususanda demirgazyk-günbatar we günbatar sebitlerine hüjümlerini ýaýbaňlatdylar diýip, Kiýew regionynyň başlygy Oleksiý Kuleba 16-njy martda aýtdy. Ol Russiýanyň Kiýewi ele geçirmek üçin has uly hüjüme taýýarlyk görýän pursady, rus güýçleriniň paýtagtyň transport arteriýalaryny kesjek bolýandyklaryny, şeýle-de logistiki mümkinçiliklerini weýran etmäge synanyşýandyklaryny belledi.

Ol rus güýçleriniň Kiýewiň 80 km demirgazygyndaky Iwankiw şäherini okupirländiklerini, şeýle-de Belarus bilen serhediň golaýyndaky sebitleriň gözegçiligini ele geçirendiklerini aýtdy.

16-njy martda artilleriýa toplarynyň zyňyndylary Kiýewiň merkezindäki 12 gatly bir jaýa gelip urdy. Kiýewiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň ýaýradan suratlarynda jaýyň ýokarky gatynyň weýran bolandygyny synlasa bolýar.

Bombaly hüjümler barha köp paýtagtyň merkezi sebitlerini nyşana alýar. Olaryň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, metro stansiýalary we beýleki raýat obýektleri weýran bolýar.

Emma ABŞ-nyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň 15-nji martda AP gullugyna beren maglumatyna görä, Russiýanyň güýçleri paýtagtyň merkezinden 15 km uzaklykda ýerleşýär.

Atlandyrylmasyzlyk şerti bilen gürleşen resmi ruslaryň Kiýewi uly aralyk üçin niýetlenen ýaraglar bilen nyşana tutýandygyny, şol bir wagtda gury ýer güýçleriniň Ukrainada az öňegidişlikleri gazanýandygyny belledi.

16-njy martda Kiýewde 35 sagatlyk kommendant sagady saklanyp galdy. Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko çäklendirmeleri bir gün öň yglan etdi. Ol rus güýçleriniň bombaly hüjümlerini ýaýbaňlatmagy bilen, paýtagtyň “agyr we howply pursatlary” başdan geçirýändigini aýtdy.

Söweşler Mariupolda we beýleki şäherlerde, şol sanda Harkowda we Mykolaýiwde hem dowam etdirildi.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, Azow deňzinde rus harby gämileri Mariupolyň golaýyndaky şäheri oka tutupdyrlar, şeýle-de Gara deňizde Odessa tarap ok atypdyrlar.

Bu aralykda, Zelenskiniň ABŞ-nyň Kongresiniň öňünde etjek çykyşynda prezident Jo Baýdene we “Ukrainanyň ähli dostlaryna” 13,6 milliard dollar möçberindäki täze goldaw üçin minnetdarlygyny bildirmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, onuň has köp ýaraglar bilen üpjün edilmegine we Russiýa garşy nobatdaky tapgyr sanksiýalaryň girizilmegine çagyryş etjekdigi çaklanylýar. Onuň “Russiýanyň raketalaryndan we uçarlaryndan goranyp bilmek üçin, Ukrainanyň asman giňişligini ýapmak baradaky” çagyryşyny hem gaýtalajakdygyna garaşylýar.

Zelenski 15-nji martda halka eden ýüzlenmesinde rus güýçleriniň Ukrainanyň içine ilerläp bilmändigini aýtdy, emma agyr bombaly hüjümleriň dowam etdirilýändigini belledi.

Ol soňky günleriň dowamynda gumanitar korridorlaryň üsti bilen 29 müň adamyň geçendigini, ýöne ruslaryň Mariupola ynsanperwer kömegini geçirmeýändigini nygtady.

Şeýle-de, ol gepleşikleriň ylalaşyga ýol açyp biljekdigi barada umytly bolmaga käbir esaslaryň bardygyny hem aýtdy. Russiýanyň talaplary “hakykata bap gelip başlady” diýip, Zelenski 15-nji martda aýtdy.

15-nji martdaky gepleşiklerden ozal, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Ukrainanyň NATO goşulmak meýillerinden el çekmegi, bitarap statusy kabul etmegi we “ýaragsyzlanmagy” boýunça talaplaryny ilerletjekdigini aýtdy.

16-njy martda Lawrow Ukraina bilen parahatçylyk gepleşikleriň ýeňil däldigini aýtdy, emma ylalaşyk üçin umytlaryň bardygyny hem belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG