Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek COVID-19 ölümleri barada habar berdi


Illýustrasiýa suraty.

Koronawirus keseliniň ilkinji gezek ýüze çykan ýurdy bolan hem-de ýokanjyň täzeden köpelip başlamagy bilen göreşýän Hytaý bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek COVID-19 ölümleri barada habar berdi.

Hytaýyň Saglyk komissiýasynyň web sahypasy 19-njy martda demirgazyk-gündogar Jilin sebitinde iki adamyň ölendigini habar berdi. Tutuş 2021-nji ýylyň dowamynda Hytaý diňe iki adamyň COVID-19 bilen aradan çykandygyny habar berdi. Iň soňky ölüm hadysasy geçen ýylyň 25-nji ýanwarynda habar berildi.

Köpsanly bilermen Hytaýyň COVID sanlarynyň takyklygyna şübhe bildirýärler.

COVID-19 keseli ilkinji gezek 2019-njy ýylyň ahyrynda merkezi Wuhan şäherinden habar berildi.

Jilin Demirgazyk Koreýa we Russiýa bilen serhetleşýär hem-de ýurtdaky soňky ýokançlyk tolkunynyň üçden birini emele getirýär.

Saglyk resmileri ölen adamlaryň biriniň sanjym kabul etmändigini aýdýarlar. Döwlet mediasyna görä, pidalaryň biri 87 beýlekisi 65 ýaşynda.

Täze hasaba alnan ölümler Hytaýyň pandemiýanyň başyndan bäri hasaba alan umumy ölüm sanlaryny 4,638-e çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG