Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda ýene ýaşaýyş jaýlary ýykylýar


Illýustrasiýa suraty.

Paýtagt Aşgabatda Teke bazaryň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary ýykylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji martda habar berdi.

“Eýýäm dört sany ýeke gatly jaýy ýykdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Ýerli ýaşaýjylar wagtlaýynça özlerine dogan-garyndaşlarynyň ýa-da dostlarynyň öýünde ýaşamagyň duýdurylandygyny aýdýarlar. Habarçymyz jaýlary ýykylan hojalyklara Parahat 7 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlardan öý beriljekdigini aýdýar.

Azatlygyň ikinji habarçysy öýleri ýykylan ýaşaýjylara ‘täze jaý berilýänçä’ wagtlaýyn ýaşaýyş ýerini tapmagyň aýdylandygyny habar berýär.

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, häkimiýetleriň Teke bazaryň töweregindäki jaýlary hem-de Teke bazaryň özüni öňden bäri ýykmagy planlaşdyrýandyklaryny habar berýär. Ýöne dowam edýän ykdysady krizis sebäpli jaýlary ýykmagyň wagty şu wagta çenli yza süýşürilen ekeni.

21-nji martda “Türkmenistanyň hronikasy” hem Teke bazaryň golaýynda, Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän iki-üç etažly jaýlaryň ýykylyp başlanandygyny habar berdi.

Neşir 2021-nji ýylyň iýulynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dykgatyna ýetirilen gurluşyk taslamalaryndan çen tutup, ýaşaýyş jaýlary ýykylýan sebitde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýdýar.

TDH-nyň habaryna görä, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumyny Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurmak meýilleşdirilýär. Atamyrat Nyýazow köçesi Azady köçesi bilen kesişýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” Teke bazaryň golaýyndaky ýykylýan jaýlaryň suratyny çap etdi.

Suratlarda ýykmak işleri dowam edýän iki-üç gatly jaýlary görmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabryň ahyrynda Aşgabadyň beýleki bir sebitinde, Türkmenbaşy şaýoly, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow köçeleriniň arasynda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýykylýandygyny habar berdi.

Soňra köp gatly jaýlar ýykylýan bu sebitde Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň guruljakdygy mälim boldy.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri paýtagt Aşgabatda we onuň eteklerinde müňlerçe köp gatly we hususy jaýlar ýykyldy. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýykylan jaýlarynyň öwezine kompensasiýa alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar barada yzygiderli habar berýär, ýöne ýykylýan jaýlar barada, jaýlary ýykylan ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Nobatdaky gezek türkmen paýagtynda ilatyň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmagy Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ol özüniň inaugurasiýa çykyşynda paýtagtda gurulýan “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumyny agzap, ýurduň ähli sebitlerinde täze gurluşyklaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistan onlarça ýyl bäri täze binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, gymmat bahaly myhmanhanalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna milliardlarça dollar harçlaýar. Ýöne köplenç gurulýan desgalaryň bahasy we ýykylýan ýaşaýyş jaýlary resmi habarlarda agzalmaýar.

Soňky bäş ýylyň içinde Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş jaý massiwinde köp sanly hususy jaýlar ýumruldy. Azatlygyň habarçylary 2017-nji ýylyň ahyrynda bu sebitde 100-e golaý ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygyny habar berdi. Has ozal, 2013-nji ýylyň güýzünde “Çoganly daçalary” köpçülikleýin ýumruldy. Üç müňe golaý hojalyk bu ýumrulşykdan ejir çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG