Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dörtgatly ýaşaýyş jaýlary ýykmak işi dowam etdirilýär


Aşgabat, fewral, 2022 (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat, fewral, 2022 (illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda täze desgalaryň gurluşygy üçin niýetlenýän ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy dowam edýär. Paýtagtyň merkezinde ýykylýan bu dörtgatly ýaşaýyş jaýlar prezident köşgünden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Baba Jepbarow köçesiniň ugrundaky dört gatly jaýlar ýykylýar. Bu jaýlar şäher merkezinde täze gurlan "Diwan" myhmanhanasynyň garşysynda ýerleşýär.

Türkmenbaşy şaýoly, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow köçeleriniň arasynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary ýykmak işi dekabr aýynyň ahyrynda başlanypdy.

Häzir Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda harby mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar.

Aşgabatda ýykylýan jaýlaryň ýerinde harby mekdebiň guruljakdygy barada dekabrda habar berlipdi. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä, gurulýan ýöriteleşdirilen harby mekdebe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ady dakylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň binasyny gurmak barada 24-nji dekabrda gol çeken kararyna görä, ýurduň Goranmak ministrligine Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Karara laýyklykda, türk kompaniýasy Aşgabatdaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 700 orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzer we gurluşygyny amala aşyrar.

Mekdebiň gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, binalar toplumynyň 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar bolmagy planlaşdyrylýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzir gurluşygyň alnyp barylýan meýdançasynyň töwereginde dörtgatly jaý we on töweregi howluly hususy jaý galypdyr. Mundan başga-da, bu kwartalyň umumy meýdanynyň tas ýarysyny Çopanata gonamçylygy eýeleýär.

Jaýlaryň ýykylmagy täze ýylyň öňüsyrasynda başlanypdy. Ýykylýan jaýlaryň ýaşaýjylarynyň ençemesi üçin täze jaý almak aladaly mesele bolup galýar. Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylar şäheriň merkezi böleginden çet ýerlere göçmek islemeýärler.

Aşgabatdaky dört gatly ýaşaýyş jaýlary birnäçe ýyl ozal ýykylyp başlandy. Bu jaýlar 50 ýyl mundan ozal gurlupdy we şäherde gurlan dörtgatly jaýlaryň birinji tapgyrydy.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, ýykylan dört gatly jaýlaryň käbir ýaşaýjylaryna Büzmeýinde ýa-da Parahat-8 etrapçasynda kwartira teklip edilipdir, ýöne olar täze jaýa bir ýyldan gowrak garaşmaly bolarlar. Mundan başga-da, teklip edilýän täze jaýlardaky giňişligiň bahasy ýykylýan binalardaky kwartiralaryň bahasyndan has ýokary bolup, kwartiranyň eýesi goşmaça giňişlik üçin her kwadrat metre 3000 manat tölemeli bolar. Köp ýaşaýjylarda munuň üçin maliýe serişde ýok. Şeýlelikde, ýykylan jaýlaryň ýaşaýjylary uzak wagtlap öýsüz galýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, jaýlaryň ýagdaýynyň kadalydygyna we infrastrukturanyň, şol sanda gyzgyn suw üpjünçiliginiň bardygyna garamazdan, onuň tehniki ýagdaýyna bolşundan has pes baha berilýär. Bu, ýaşaýjylar üçin täze jaý almakda goşmaça kynçylyklar döredýär. Meseläniň çözgüdi birnäçe ýyla çekýär we adamlaryň goşmaça tölege we nobata garaşly bolmagyna getirýär.

Bu ýagdaýda jaýy ýumrulyp, öýsüz galanlaryň bir bölegi garyndaşlarynyň öýünde ýaşamaly bolýar, kimdir biri jaýy kireýine alyp ýaşaýar. Kimdir birine köne jaý gaznasyndan wagtlaýyn jaý berilýär.

Bu aralykda, şäherde gurulýan kaşaň ýaşaýyş jaýlarda köp sanly kwartira boş durýar. Aşgabatda "elitnyý" diýlip atlandyrylýan ýokary oňaýlykly jaýlaryň gurluşygy, soňky onýyllykda döwlet baştutanynyň gözegçilik edýän şäher gurluşyk syýasatynda ileri tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik döwründe Aşgabadyň merkezinde we onuň töwereklerinde müňlerçe köp gatly we hususy jaý ýykyldy. Jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň ençemesi kompensasiýa alyp bilmändigini aýdýarlar. Şäher häkimligi ýaşaýyş jaý problemasy we jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy barada resmi düşündiriş bermeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG