Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa hüjümini dowam etdirýär, Zelenski BMG-ni tankytlaýar


Mariupol

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 22-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy alyp baran "absurd urşunyň" togtadylmagyna çagyrdy we muny adamlary "ýerdäki dowzahdan" geçirmek we "ýeňiş gazanaylmajak" konflikt diýip atlandyrdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bolsa, Moskwanyň öz ýurduna sebäpsiz goşun sürmegini wagtynda we ýeterlik derejede ýazgaryp bilmändigi üçin, BMG-ni tankyt etdi. Ol 23-nji martda ýapon parlamentiniň öňünde eden wideo çykyşynda "Ne BMG, ne-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi işledi. Özgertmeler zerur" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol portunda we Kiýewiň töwereginde barýan gazaply söweşleriň dowam etmegi bilen, Kreml, metbugat wekili Dmitriý Peskowyň beýanatynda aýdylmagyna görä, "ýurduň özüne abanan howpa” salgylanyp, ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygyny aradan aýyrmakdan ýüz öwürdi. Bu beýanat Pentagonyň berk tankydyna sezewar boldy.

Uruşdan ozal 400 müň ilaty bolan, emma häzir harabalyga öwrülen Mariupolda müňlerçe parahat ýaşaýjy wepat boldy, köp adam bolsa şäherden howpsuz ýere çykmaga çalyşýar.

Russiýa soňky iki hepdäniň dowamynda Azow deňziniň boýundaky möhüm portuň daşyny gabamaga çalyşýar we netijede Mariupol şu wagta çenli 24-nji fewralda başlanan urşuň iň dartgynly söweş meýdanyna öwrüldi.

Mariupolyň goragçylarynyň aldym-berdimli söweşi dowam etdirýän wagtynda, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ukrain goşunlary gazaply gaýtawul berip, Kiýewiň etegindäki Makariwe giren rus goşunlaryny yzyna serpikdirdi.

Eger bu habar tassyklanylsa, gazanylan üstünlik ukrain goşunlarynyň strategiki ýoluň gözegçiligini gaýtadan ele almagyna we ruslaryň Kiýewi demirgazyk-günbatar tarapyndan gabamak synanyşyklaryna päsgel bermegine mümkinçilik döreder.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Moskwanyň öz ýurduna sebäpsiz goşun sürmegini wagtynda we ýeterlik derejede ýazgaryp bilmändigi üçin, BMG-ni tankyt etdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Moskwanyň öz ýurduna sebäpsiz goşun sürmegini wagtynda we ýeterlik derejede ýazgaryp bilmändigi üçin, BMG-ni tankyt etdi.

Russiýaly basybalyjylaryň gazaply garşylyga duçar bolmagynyň arasynda, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow ýadro ýaragynyň ulanylmak ähtimallygyny aradan aýyrmakdan ýüz öwürdi, ýöne ol munuň diňe "ýurda howp" abanan ýagdaýynda ediljekdigini aýtdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozanyndan soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji fewralda ýurduň strategiki ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirendigini aýdyp, global derejede alada döretdi.

"Bizde ýurt we onuň ilatynyň howpsuzlygy barada konsepsiýa bar. Siz şol ýerden ýadro ýaraglarynyň ulanylmagynyň ähli sebäplerini okap bilersiňiz" diýip, Peskow CNN International-a 22-nji martda beren interwiýusynda aýtdy. "Şeýlelikde, eger-de biziň ýurdumyzyň bar bolmagyna howp abansa, şondan soň ol biziň konsepsiýamyza laýyklykda ulanylyp biler” diýip, Peskow konsepsiýada ýene birnäçe sebäbiň görkezilendigini belledi.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi Moskwanyň ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygy barada edýän gürrüňlerini "howply" diýip atlandyrdy.

"Bu jogapkärçilikli ýadro döwletiniň etmeli hereketi däl” diýip, ol žurnalistlere aýtdy. Şol bir wagtda-da ol Pentagon resmileriniň ýurduň "strategiki öňüni alyş durumyny üýtgetmek zerurlygy baradaky netijä gelmegine getirjek hiç zat görmändiklerini" aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz hökümetiniň Moskwadan asuda ilatyň Mariupoldan howpsuz ýere çykmagyna mümkinçilik döretmegini soraýan wagtynda gabawdaky port şäherniň, üznüksiz dowam etdirilen rus bombalamalaryndan soň, durşuna "harabalyga" öwrülendigini aýdy.

Zelenski 23-nji martda eden wideo ýüzlenmesinde ukrainalylaryň Russiýa bilen gepleşikleriniň kyndygyny we käte gapma-garşylyklydygyny, ýöne özleriniň "ädimme-ädim öňe barýandygyny" belledi.

Ýöne ol Mariupol synan ýagdaýynda hem, Ukrainanyň şäherme-şäher, köçeme-köçe basylyp alynyp bilinmejekdigini sözüne goşdy.

Russiýa soňky günlerde hüjümlerini güýçlendirip, görnüşinden, çem gelen ýeri bombalamaga başlady we hassahana, ýaşaýyş jaýlary we teatr, mekdep ýaly raýat binalarynyň hem ýurmrulmagyna sebäp boldy.

Mariupolyň şäher geňeşiniň orunbasary Dmitro Zabawin Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna strategiki porta edilýän hüjümiň "söweş däldigini, eýsem terrorçylyk bolup durýandygyny" aýtdy.

Sebit häkimi Pawlo Kyrylenko bolsa milli telewideniýede çykyş edip, 22-nji mart agşamy rus we ukrain güýçleriniň şäher üstündäki söweşleriniň dowam edendigini aýtdy we rus goşunlaryny ýaşaýyş etraplaryny oka tutmakda aýyplady.

Russiýa ýaýaýyş etraplaryna edýän hüjümlerini görkezýän wideo subutnamalaryna garamazdan, raýat sebitlerini nyşana alýandygyny ret etdi.

ABŞ harbylary 21-nji martda rus güýçlerini Ukraina edýän ganly hüjümlerinde uruş jenaýatlaryna ýüz urmakda aýyplady, prezident Jo Baýden bolsa 21-nji martda ABŞ işewürlerine ýüzlenip, Russiýanyň hereketleriniň garaşylanyndan has köp garşylyga duçar bolan ýurduň etjek zadydygyny aýtdy.

Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini nazara alyp, "ol arkasyny diwara dirän" adam diýdi we eger himiki ýarag ulansa, Moskwanyň “ýowuz” netijelere sezewar boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG