Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: jaýlary ýykylan raýatlara Büzmeýinden jaý berilýär


Büzmeýin.

Golaýda Azatlyk Radiosy Aşgabadaky Teke bazaryň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň häkimiýetler tarapyndan ýykylýandygyny habar berdi. Azatlygyň habarçysy 25-nji martda jaýlary ýykylýan raýatlara Büzmeýinden jaý berilýändigini habar berdi.

“Teke bazarynyň golaýyndaky jaýlary ýykylan ýaşaýjylara Büzmeýinden kwartira berdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Ozal Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşip, 2018-nji ýylda Aşgabada birikdirilen Büzmeýin etraby paýtagtyň merkezinden 15-20 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Büzmeýin 2002-2018-nji ýyllar aralygynda Abadan atlandyryldy.

Ýaşaýyş jaýlary ýykylan ýaşaýjylar Büzmeýine göçmek bilen paýtagtyň merkezindäki amatlyklardan mahrum bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Teke bazaryň ýerleşýän etraby paýtagtyň merkezi hasaplanýar. Öňler bu etrap örän abraýlydy we jaýlar hem örän gymmat bahalanýardy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Büzmeýinden kwartira berlen ýaşaýjylar özleriniň elden giderýän amatlyklary barada zeýrenýärler.

Ozalky ýaşaýan ýerlerinde çagalaryny mekdeplerdäki rus dilli klaslara ýazmaga mümkinçiligi bolan ýerli ýaşaýjylar Büzmeýinde özleriniň bu mümkinçilikden mahrum bolýandyklaryny aýdýarlar.

Täze jaýa göçen raýatlar Büzmeýiniň mekeplerinde rus dilli klaslaryň ýokdugyny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar çagalaryny özleriniň ýazga alnan sebitlerinde ýerleşýän mekdeplere ibermeli bolýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar bu talabyň çagalar baglaryna-da degişlidigini aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar çagalar baglaryny hem çalyşmaly bolýarlar. Sebäbi çagalar ýaşaýjylaryň ýazga duran sebiti boýunça çagalar baglaryna kabul edilýärler” diýip, bir aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Teke bazaryň ýerleşýän sebitindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylyp başlanmagy bilen bu sebitdäki beýleki jaýlaryň bahasy pese gaçypdyr.

22-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitde ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylyp başlanandygyny habar berdi. Bir gün ozal, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýykylýan jaýlaryň suratlaryny paýlaşdy.

Neşir 2021-nji ýylyň iýulynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dykgatyna ýetirilen gurluşyk taslamalaryndan çen tutup, ýaşaýyş jaýlary ýykylýan sebitde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýdýar. Ýykylýan jaýlar Aşgabadyň Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabryň ahyrynda Aşgabadyň beýleki bir sebitinde, Türkmenbaşy şaýoly, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow köçeleriniň arasynda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýykylýandygyny habar berdi.

Soňra köp gatly jaýlar ýykylýan bu sebitde Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň guruljakdygy mälim boldy.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak işleriniň täze tolkuny prezident Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Döwlet metbugaty paýtagtyň içinde we töwereginde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy barada habar bermeýär, ýöne ýykylýan jaýlaryň ornuna gurulýan täze desgalar, täze ýaşaýyş toplumlary barada yzygiderli habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG