26-njy martda Kabulda onlarça mugallym, talyp we aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýaş gyz okuwçylaryň 6-njy synpdan soň mekdebe gatnamagyna girizilen gadagançylyga garşy ýöriş geçirdiler.
Ýerli mediada görkezilen şekillerde mekdep lybaslaryna geýnen onlarça mugallymyň gyz okuwçylar bilen birlikde okuw kitaplaryny hem göterip, “mekdepleri açyň” diýen şygarlary gygyrandygyny görse bolýar. Çäräniň dowamynda olar özleriniň bilim almak we okamak haklaryny talap etdiler.
Gurnaýjylar ýörişiň Bilim ministrliginiň binasynyň öňünde başlanandygyny we parahatçylykly gutarandygyny aýtdylar.
23-nji martda bir milliona golaý owgan gyz okuwçysynyň mekdebe dolanmaga taýýarlanan wagty, “Talyban” gyzlar üçin mekdepleri açmak baradaky kararyny soňky pursat yzyna aldy.
2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti eýelän radikal topar bu hereketine hiç hili düşündiriş bermedi.
Halkara guramalar, dünýä hökümetleri “Talybany” bu baradaky kararyna dessine täzeden göz aýlamaga çagyrdylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.