Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda "omikron" bilen keselleýän adamlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ilatyň arasynda grip-dümew alamatlary bilen keselleýänler raýatlar, hususan-da çagalar köpelýär. Lukmanlar bu raýatlaryň köpüsine koronawirusyň "omikron" görnüşi bilen keselländigi barada diagnoz goýulýandygyny, ýöne adat bolşy ýaly bularyň resminamalarda görkezilmeýändigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar.

"Mary welaýatynda köp adam grip-dümew alamatlary bilen keselleýär. Olaryň aglabasy çagalar bolup, olaryň käbirleri agyr ýagdaýda welaýatyň hassahanalaryna ýerleşdirilýär. Çagalaryň ählisine diýen ýaly "ýiti öýken sowuklamasy" diýen diagnoz goýulýar" diýip, welaýatyň hassahanalarynyň birinde işleýän maryly lukman anonimlik şertinde 17-nji martda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol grip-dümew alamatlary bilen kesellän uly ýaşly adamlarda giň gerimde covid testleriniň geçirilýändigini aýdyp, olaryň aglabasynyň pozitiw netije görkezýändigini hem belleýär.

"Bu näsaglara koronawirusyň "omikron" görnüşi bilen keselländigi barada diagnoz goýulýar, ýöne diagnozlar resminamalarda görkezilmeýär. "Omikronly" hassalar welaýatyň ýokanç keseller hassahanasyna ýatyrylýar. Bu hassalaryň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly" diýip, lukman aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly lukmanlaryň ençemesiniň sözlerine görä, häzirki wagtda koronawirusyň "omikron" görnüşi welaýatyň Serhetabat, Ýolöten we Türkmengala etraplarynda ýaýraýar.

Habarçymyz adaty grip dümewi we koronawirus bilen keselleýänleriň köpelmeginiň arasynda, dermanhanalara barýan adamlaryň sanynyň hem göz-görtele artandygyny aýdýar.

"Bu adamlaryň köpüsi gribe garşy dermanlary satyn alýar" diýip, bir dermanhana işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, ýerli saglyk öýleriniň birnäçe işgäriniň aýtmagyna görä, lukmanlara we şepagat uýalaryna raýatlaryň öýlerine aýlanyp, olara öýde üzärlik tütedip, buýanyň köküni içmegi maslahat bermek barada buýruk berildi.

"Ýöne saglyk öýleriniň lukmanlary köplenç öýme-öý aýlanmagyň deregine ýaşaýjylara jaň edýärler we olary saglyk öýlerine çagyrýarlar. Araçäk saklamaklyk dowam edýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maşgala lukmany aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýatynyň Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 17-nji martda eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda ýanwaryň ortalarynda yglan edilen koronawirus çäklendirmeleri henizem saklanýar. Bazarlar, söwda merkezleri, restoranlar, kafeler, dellekhanalar ýaly ilata hyzmat ediş nokatlary ýapyklygyna galýar.

Bu gulplamanyň yglan edilmegi ýurduň dürli sebitlerinde koronawirusyň "omikron" görnüşi bilen keselleýänleriň köpelendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat gelipdi.

Azatlygyň ýurduň saglygy goraýyş ulgamyndaky çeşmelerine görä, 2020-nji ýylyň martyndan bäri Türkmenistanda COVID-19-dan 25 000 adam ýogalypdyr.

Bu habarlaryň arasynda, has takygy ýanwaryň ahyrynda türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda ilata "buster" sanjymyny etmek işlerine hem girişdi.

Martyň başynda Marydaky habarçylarymyz COVID-19-a garşy üçünji, "buster" sanjymyny urdurmadyk býujet işgärleriniň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG