Prezident Wolodimir Zelenski Ukrainanyň bitaraplygyny yglan etmäge we parahatçylygy üpjün etmek üçin ýurduň gündogaryndaky dawaly sebitlerde eglişige gelmäge taýýardygyny aýdanyndan soň, rus we ukrain wekiliýetleri iki hepdeden gowrak wagt içinde Stambulda ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerini geçirýärler.
Taraplaryň arasynda ozal ýüzbe-ýüz we wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde hiç bir ilerleme gazanylmady.
Zelenski gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlarynyň “özygtyýarlylyk we territorial bitewilik” boljakdygyny aýtdy. Ol 27-nji mart agşamy eden ýüzlenmesinde Ukraina “hakykatdanam, haýal etmän parahatçylyk gazanmaga çalyşýar" diýdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda taraplara gepleşiklerde gazanylan ilerlemäniň Zelenski bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyga ýol açjakdygyny aýtdy.
Erdogan gepleşikleriň anyk netije berjek wagtynyň gelendigini aýtdy, haýal etmän atyşygy togtatmaga çagyrdy we "bu betbagtçylygyň öňüni almak" iki tarapyň özlerine bagly diýdi.
Erdogan bu gepleşiklere beýemçilik etmäge 27-nji martda Putin bilen geçirilen gepleşikde razy boldy.
Türk lideri 28-nji martda geçiren hökümet mejlisinden soň telewideniýede berlen çykyşynda Zelenski we Putin bilen aýry-aýrylykda geçiren telefon gürrüňleriniň “oňyn tarapa” ilerleýändigini aýtdy. Ýöne hiç bir jikme-jik maglumat bermedi.
Zelenski biraz öň ozal eden beýanatlaryny gaýtalap, Kiýewiň hödürleýän howpsuzlyk kepillikleriniň Ukrainanyň ýadro ýaragsyz saklanmagyny hem öz içine aljakdygyny aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba öz ýurdunyň bu gepleşiklerden iň köp umyt edip biljek zadynyň atyşygyň bes edilmegi bolup durýandygyny aýtdy.
"Biz adamlaryň, topragyň ýa-da özygtyýarlylygyň söwdasyny etmeýäris" diýip, Kuleba aýtdy.
Russiýa dört hepdeden gowrak dowam edýän sebäpsiz çozuşy netijesinde Ukrainanyň hiç bir uly şäherini basyp alyp bilmedi we 25-nji martda esasy ünsüni ýurduň gündogar tarapyna, Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň soňky sekiz ýylda ukrain goşunyna garşy söweşýän ýeri bolan Donbas sebitine gönükdirýändigini yşarat etdi.
Ukrainanyň harby güýçleriniň baş ştaby 29-njy martda eden soňky beýanatynda rus güýçleriniň ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýyş ýerlerine raketa zarbalaryny urmagy dowam etdirip, ýangyç ammarlaryny nyşana almak bilen, "logistikany çylşyrymlaşdyrmaga" we "ynsanperwerlik krizisi üçin şert döretmäge" çalyşýandygyny aýtdy.
Soňky günlerde Kiýew, Lwow, Riwne, Žitomir we Lutsk ýaly birnäçe şäherde ýangyç ammarlaryna hüjüm edilendigi habar berildi.
Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy 29-njy martda, Ukrainanyň günortasyndaky port şäheriniň, Mykolaýewiň sebit dolandyryş binasyna urlan raketa zarbasynyň azyndan üç adamy öldürendigini we 22 adamy ýaralanandygyny habar berdi.
Şeýle-de, ukrain resmileri 29-njy martda rus güýçleriniň bir gün ozal demirgazyk-gündogar Harkow sebitiniň Lýubotyn şäherine raketa zarbasyny urup, birnäçe jaýy ýer bilen ýegsan edendigini, birnäçe adamy ýaralandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň uly derejeli goranmak resmisi, žurnalistler bilen anonimlik şertinde gürleşip, Kiýewiň golaýyndaky rus güýçleriniň esasan goranyş pozisiýasynda galandygyny, ýurduň başga ýerlerinde hem kän öňe gidişlik etmeýändigini aýtdy.
Britan harby aňtaw gullugy 29-njy martda ukrainleriň ukrain paýtagtynyň demirgazyk-günbataryndaky gaýtawullaryny dowam etdirýändigine garamazdan, howa zarbarlaryny urmak ukyby sebäpli, rus güýçleriniň Kiýew üçin şindem düýpli howp bolup galýandygyny aýtdy.
Rus goşunlary gabalan port şäherini dowamly we agyr top okuna tutup, Mariupola edýän hüjümlerini dowam etdirdi diýip, Goranmak ministrligi 29-njy martda aýtdy. “Emma muňa garamazdan, şäheriň merkezi Ukrainanyň gözegçiliginde galýar" diýip, ministrligiň çap eden beýanatynda bellenýär.
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 29-njy martda Moskwada eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky harby operasiýasynyň birinji tapgyrynyň esasy wezipeleriniň berjaý edilendigini öňe sürdi.
Şeýle-de Şoýgu rus goşunynyň soňky iki hepdäniň dowamynda 600 töweregi daşary ýurt söweşijisini öldürendigini aýtdy.
Bu Şoýgunyň jemagat gözüne iki hepdeläp görünmän, iki gün içinde telewideniýede ikinji gezek görnüşi boldy. Onuň il gözüne görünmezligi nirde bolýandygy we saglyk ýagdaýy barada bir topar soragyň döremegine getirdi.
Şu aralykda, Kreml 29-njy martda Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda howpsuzlyk meselesinde gepleşik geçirmegiň zerur boljakdygyny, emma ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň rus kärdeşi Wladimir Putine gönükdirilen “şahsy kemsitmeleriniň” bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara gutulgysyz ýagdaýda täsir etjekdigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.