Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilat ýazuwy dekabrda geçiriler


Arhiw suraty.
Arhiw suraty.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy 17-27-nji dekabr aralygynda geçiriler. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Uçdantutma ýazuw Türkmenistanyň ilat sanyny we ýaşaýyş jaý gor mümkinçilikleriniň üstüni açar.

Döwlet metbugatyna görä, ilat ýazuwy ýurduň demografik görkezijilerini; raýatlaryň ykdysady görkezijilerini, şol sanda olaryň girdeji çeşmelerini, iş üpjünçiligini; raýatlaryň bilim derejesini; etnomedeni görkezijileri – raýatlaryň etniki gelip çykyşyny, dilini; ýaşaýyş jaý mümkinçiliklerini we beýleki ýagdaýlary açyp görkezer.

Türkmenistanda soňky gezek uçdantutma ilat ýazuwy 2012-nji ýylda geçirildi, ýöne onuň netijeleri jemgyýetçilige äşgär edilmedi.

Has ozal, 2015-nji ýylda “Türkmenistanyň hronikasy” öz çeşmelerine salgylanyp, on ýyl ozal geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada habar berdi. Jemgyýetçilige mälim edilmedik sanlara görä, 2012-nji ýylda Türkmenistanda 4,751,120 adamyň ýaşaýandygy habar berildi. Şeýle-de, on ýyl ozalky sanlara görä, ilatyň 85,6 göterimini türkmenler, 5,8 göterimini özbekler, 5,1 göterimini ruslar, galan bölegini beýleki milletler emele getirýärdi.

Azatlygyň çeşmeleri 2019-njy ýylyň maýynda Döwlet statistika komitetiniň geçiren ýapyk barlaglaryna salgylanyp, 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1 million 900 müňe golaý türkmenistanlynyň ýurdy terk edendigini habar berdi.

Has soňra, 2020-nji ýylyň ýanwarynda türkmen häkimiýetleri Bitaraplyk konferensiýasyna bagyşlanan bir resmi web-saýtyň üsti bilen Türkmenistanyň ilatynyň 6,2 million adamdan gowrakdygyny aýtdylar.

BMG-niň Durmuş-ykdysady meseleler boýunça departamentiniň Dünýä ilaty boýunça 2019-nji ýyl üçin çap eden hasabatynda Türkmenistanyň ilatynyň sany 5 million 942 müň adam diýip çak edilýär. Hasabatdan mälim bolşuna görä, bu sanlar Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri esasynda taýýarlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2021-nji ýylyň iýulynda ilat ýazuwyny geçirjek döwlet edaralarynyň prezidentiň diwanyna hödürlemek üçin taýýarlan deslapky hasabatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň ilatynyň 2,7-2,8 million adama deň bolandygyny habar berdiler. Çeşmeler ýurtda umumy ýaşaýyş şertleriniň pese gaçmagy bilen baglylykda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy, önelgelik derejesiniň pese gaçmagy, köpçülikleýin migrasiýa ýaly problemalary ilat sanynyň ymykly peselmegine getiren esasy sebäpleriň hatarynda görkezdiler.

BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanda erkekleriň ömrüniň dowamlylygyny ortaça 65 ýaş, aýallaryň ömrüniň dowamlylygyny ortaça 72 ýaş diýip görkezýär.

Ýurtda 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabr aralygynda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmek baradaky karar 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Sylap Welbegow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda geçen ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly synaglaýyn ilat ýazuwynyň geçirilendigini aýtdy. Ýöne statistika komiteti synaglaýyn ilat ýazuwynyň netijeleri barada, galyberse-de ilat ýazuwy geçirilende ulanylan sanly tehnologiýalar barada başga jikme-jiklik mälim etmedi.

Has ozal, Orient neşiri Türkmenistanda geçiriljek uçdantutma ilat ýazuwynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan “SapSanaw” atly sanly taslama barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG