Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan täze ilat ýazuwyna taýýarlanýar


Aşgabat, fewral, 2022
Aşgabat, fewral, 2022

Türkmenistan täze ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Halk Maslahatynyň ýygnagynda aýdylyşy ýaly häzirki wagtda bu işi guramak üçin çäreler görülýär. 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ilatyň resmi sanlary köpçülige mälim edilmän gelýär.

Ilat ýazuwy boýunça planlar, 11-nji fewralda Halk Maslahatynyň adatdan daşary ýygnagynda Döwlet statistika komitetiniň başlygy tarapyndan yglan edildi. Ol häzirki wagtda bu çäräni "2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň doly ýazuwyny geçirmek baradaky plana" laýyklykda guramak üçin iş görülýändigini aýtdy.

Resmi habarda Döwlet statistika komitetiniň başlygynyň sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly 2021-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda geçirilen ilat ýazuwy barada maglumat berendigi aýdylýar, emma bu ýazuwyň netijeleri habarda san berilmeýär.

Türkmenistanyň ilaty barada resmi statistika 2007-nji ýyldan bäri çap edilmeýär. Iň soňky gezek 2006-njy ýylda türkmen häkimiýetleri ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürüpdi.

Şonda Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen badyna, Türkmenistan ilatyň statistikasyny çap etmegi dessine bes etdi we täze ilat ýazuwyny geçirmek niýetini mälim etdi.

Şondan bäri 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwy Türkmenistanyň ilatynyň sany bilen baglanyşykly ýagdaýy aýdyňlaşdyrmady, netijeler hiç haçan çap edilmedi.

Ilatyň sanyny anyklamak boýunça planlaryň nobatdakysy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda yglan edildi. Prezidentiň “2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň doly ýazuwyny geçirmek barada” 410 belgili kararyna laýyklykda, ýazuw 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda geçirilmeli.

Ilat ýazuwyna taýýarlyk işleriniň başlanmagy 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda yglan edildi we ilat ýazuwynyň 2022-nji ýylda geçiriljekdigi yglan edildi.

Plana laýyklykda, ilat ýazuwynda ýurtda hemişelik ýaşaýan ilat, 1 ýyl ýa-da ondanam köp wagtlap döwlet edaralarynyň üsti bilen uzakmöhletli iş sapary bilen baglanyşykly daşary ýurtda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn ýaşaýan adamlar, daşary ýurtda hemişelik ýaşaýanlar hasaba alynmalydyr.

Bilermenler, Türkmenistanyň ilaty baradaky maglumatlaryň uzak wagtlap ýaşyrylmagynyň sebäbiniň häkimiýetleriň demografiki krizisi resmi taýdan ykrar etmegi islemeýändigi bilen bagly bolup bilýändigini belleýärler. Sebäbi geçirlen ilat ýazuwlary, türkmen häkimiýetleriniň çak edişinden has pes bolmagyna meňzeýär.

2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň demografiki krizisiň bosagasynda durandygyny görkezýän maglumatlar peýda boldy. Dowam edýän ilatyň sanyny anyklamak üçin taýýarlyk işlerine, ýygnalan maglumatlara we olary seljermek işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň işgärleri bolan birnäçe çeşme ýurtda 2,7 million adamyň galandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Olaryň biriniň sözlerine görä, 2022-nji ýylda ilatyň sanyny we ýaşaýyş jaý ýazuwyny guramak üçin jogapkär bölümler Türkmenistanyň prezident administrasiýasyna tabşyrmak üçin deslapky maglumatlary ýygnapdyr. Çeşmeler, ähli çaklamalara görä ilatyň “hakyky sanynyň” 2,7-2,8 million adama golaýdygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ilatyň hakyky sany we demografiki mesele barada resmi düşündiriş bermeýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetinde birnäçe ýolbaşçy çalyşdy. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda edaranyň ýolbaşçylary prezidentiň karary bilen "işindäki kemçilikler" sebäpli wezipelerini ýitirdi. Olaryň goýberen kemçilikleri köpçülige mälim edilmedi.

2019-njy ýylyň maý aýynda Azatlygyň çeşmeleri, soňky 10 ýylda 1,9 million adamyň Türkmenistandan çykandygy mälim boldy. Çeşmelere görä, bu sanlar prezidentiň administrasiýasynyň resmileriniň göwnünden turmandyr we dessine gizlin edilipdir. Şonda çeşmeler, Türkmenistanda ilatyň bary-ýogy 3,3 million çemesidigini çaklapdylar.

Dürli çeşmelere görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan ozal Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasynyň ilaty 3,7 million adamdy. Ondan soňky ýyllarda, garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet statistika we maglumat milli institutynyň sanlaryna görä, 1995-nji ýylda ilat sany 4,5 million, 2000-nji ýylda - 5.37 million, 2002-nji ýylda - 5,79 million bolupdyr. 2003-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň hökümetiniň metbugat gullugy alty million raýatyň dünýä inendigini habar berdi. 2006-njy ýylyň mart aýynda döwlet statistika edarasy ilatyň 6,79 milliona ýetendigini öňe sürüpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG