Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jo Baýden strategiki nebit gorlaryny açmagy buýurdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýangyç bahasynyň ýokarlanmagyny haýallatmak üçin ýurduň strategiki ätiýaçlyklarynda saklanylýan nebitiň ulanylyp başlamagyny we bazara çykarylmagyny buýurdy.

Alty aý içinde 180 million barrele çenli nebitiň bazara çykarylmagy bu ätiýaçlygyň 1974-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri bazara goýberen iň kän ýangyjy bolar.

Şeýle-de ABŞ beýleki ýurtlar üçin hem nebit önümçiligini we üpjünçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär. Baýdeniň eden beýanatyndan soň nebitiň dünýä bahasy 4-5% arzanlady.

Ak tamyň pozisiýasyna laýyklykda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy pandemiýa we Ukrainadaky soňky wakalar bilen baglanyşykly.

Şeýlelikde, Brent belgili nebitiň her barreliniň bahasy mart aýynyň başynda 139 dollara baryp ýetdi. Şondan bäri geçen wagt içinde energiýa bahalary arzanlady, ýöne Brent markaly nebit henizem bir ýyl ozalkysyndan 70% gymmat bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG