Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ukrain dikuçarlaryny ýangyç ammarynda serhetaşyr hüjümde aýyplaýar


Belgorodyň ýangyç ammary
Belgorodyň ýangyç ammary

Russiýanyň ukrain serhedinden daş bolmadyk sebitinde bir ýangyç ammary partlady we rus resmileri Ukraina güýçleriniň bu desga hüjüm etmek üçin dikuçarlary ulanandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň goranmak resmileri 1-nji aprelde edilen hüjümiň aňyrsynda Ukraina güýçlerini durandygy baradaky habarlary göni teswirlemegi ret etdi. Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşi bu habary derhal ret etdi.

Eger-de bu maglumat tassyklanylsa, bu zarba Moskwa bir aý gowrak mundan ozal çozuşa başlaly bäri Ukrainanyň Russiýanyň topragynda amala aşyran ilkinji harby hüjümi bolar. Şeýle-de, bu, Russiýanyň topraklarynda II Jahan urşundan bäri daşary ýurt goşuny tarapyndan amala aşyrylan ilkinji harby hüjüm bolar.

Sosial ulgamlara 1-nji aprelde goýlan wideolarda Russiýanyň Ukraina bilen serhetden 25 km uzaklykda ýerleşýän Belgorod şäheriniň golaýynda daň şapagynyň öň ýany bolan partlama we asmana göterilen alawlar görkezilýär. Beýleki wideolarda Belgorodyň golaýynda ‘raketa atýan dikuçarlar’ görkezilýär.

Belgorodyň häkimi Wýaçeslaw Gladkow “Telegram” habarlaşma programmasynda ukrain dikuçarlarynyň serhetden pessaýlap uçup geçendigini we gürrüňi edilýän desga zarba urandygyny aýtdy. Gladkow iki işçiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary žurnalistler bilen söhbetdeşlikde partlamadan öz güýçleriniň jogapkärdigini ýa-da däldigini göni teswirlemekden ýüz öwürdi, ýöne öz ýaragly güýçleriniň Russiýa garşy has giň goranyş operasiýalaryny amala aşyrýandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow bu wakanyň rus we ukrain wekilleriniň arasyndaky gepleşiklere zyýan ýetirip biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG