Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýalylar Ukrainaky söweşler meselesiniň fonunda ses berişlige gatnaşýarlar


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 3-nji aprelde Budapeştde geçirilýän parlament saýlawlarynda ses berýär.
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 3-nji aprelde Budapeştde geçirilýän parlament saýlawlarynda ses berýär.

Wengriýalylar 3-nji aprelde Russiýanyň Ukrainada alyp barýan söweşiniň fonunda geçirilýän saýlawlarda ses berýärler, premýer-ministr Wiktor Orban 12 ýyllyk häkimiýet başyndaky döwründe iň uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Öňki saýlawlardan tapawutlylykda Wengriýanyň oppozisiýasy 58 ýaşly Orbany we onuň "Fidesz" partiýasyny ýeňmegi maksat edinýän bileleşikde birleşdi.

Pikir soraýyşlyklar "Fidesz" partiýasynyň we onuň partnýorlarynyň, Wengriýanyň hasaba alnan 8 million saýlawçysy tarapyndan saýlanmak mümkinçiliginde alty partiýaly oppozisiýa toparyndan sähelçe öňde barýandygyny görkezdi. Emma saýlaw kampaniýasynyň soňky günlerinde saýlawçylaryň ep-esli böleginiň entek karara gelmändigi aýyldy.

Güýçli bäsdeşlik Orbanyň ses berişlikde adalatly hereket etmezligi baradaky aladalary döretdi.

ÝB-ne agza ýurtlar üçin görlüp-eşidilmedik ädimde Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy saýlawlardaky galplyklar we dolandyryjy partiýasynyň adalatsyz artykmaçlyk almagy üçin döwlet resurslaryndan peýdalanmagy ýaly aladalar sebäpli Wengriýadaky ses berişlige doly gözegçilik missiýasyny ýollady.

Şol bir wagtyň özünde, bu saýlaw kampaniýasynda Wengriýa bilen serhetleşýän Ukrainadaky söweşlere esasy üns berildi we içerki meseleler gyrada galdy.

Orban umuman Ukrainany goldaýan bolsa-da, goňşy ýurda NATO ýaraglarynyň iberilmegine garşy çykdy we Wengriýanyň uruşdan çete durmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG