Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada edilendigi aýdylýan wagşylygy ýazgarýan köpelýär, Russiýa ony 'prowokasiýa' atlandyrýar


Buça görnüşi
Buça görnüşi

Rus güýçleriniň Ukrainada parahat ilata eden zulum-sütemlerini görkezýän subutnamalar ýüze çykandan soň, halkara jemgyýetçiligi haýran galmagyny we gahar-gazap bildirmegini dowam etdirýär, Moskwa bolsa bu habarlary “prowokasiýa” hökmünde häsiýetlendirip, ret edýär. ABŞ bolsa, rus güýçleriniň Ukrainanyň Buça şäherinde eden gyrgynçylygy baradaky habarlardan soň, Russiýanyň BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykarylmagyny gazanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Ukrainadaky parahat ilata garşy edilen wagşylyklary tassyklaýan täze subutnamalar ýüze çykandan soň, Ýaponiýanyň we New Zelandiýanyň premýer-ministrleri hem Moskwany halkara derejesinde ýazgarýan ýurtlaryň hataryna goşuldy.

"Ukrain raýatlarynyň rus goşunlary tarapyndan öldürilişi, zorlanyşy we agyr ýaralanyşy barada berlen habarlardaky ýagdaýlary görüp, bu wagşylygy ýazgarmazlyk mümkin däl” diýip, New Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern 4-nji aprelde Wellingtondaky žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

"Russiýa bu eden işleri üçin dünýäniň öňünde jogap bermeli bolar" diýip, ol öz hökümetiniň rus goşunlaryna garşy durýan Ukrainany goldamak üçin goşmaça çäreleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny hem sözüne goşdy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bolsa, habar berlen hadysalary "halkara hukugynyň bozulmagy" hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu beýanatlar birnäçe hepde rus güýçleriniň elinde bolan Buça şäherinde tapylan jesetler barada berlen habarlardan soň edildi.

Kiýewiň etegindäki Buçada, birnäçe hepde rus güýçleriniň gözegçiliginde galan şäherde atylyp öldürilen we köpçülikleýin mazarlara taşlanan ýa-da köçelerde, öldürilen ýerlerinde ýatan adamlaryň suratlary çap edildi.

Buça görnüşi
Buça görnüşi

Elleri daňylgy ýagdaýda öldürilen asuda adamlaryň jesetlerini görkezýän fotosuratlar köp adamy aňk etdi we Russiýa garşy girizilýän sanksiýalaryň güýçlendirilmegi, bu işleri edenleriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi baradaky çagyryşlary güreltdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 4-nji aprelde geçirilen radio söhbetdeşliginde rus güýçleriniň Buçada “uruş jenaýatlaryny” edendiklerini görkezýän delilleriň bardygyny aýtdy.

"Buçada bolup geçen wakalar täze sanksiýalaryň girizilmegini we anyk çäreleriň görülmegini talap edýär" diýip, Makron indi giriziljek sanksiýalaryň Russiýanyň kömür we nebit eksportyna gönükdirilmelidigini belledi.

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes rus güýçleriniň Buçada “genosid etmek” derejesine çenli ýetip biljekdigini aýtdy.

"Biz bu uruş jenaýatlaryny edenleriň jezasyz galmazlygy üçin ähli zady ederis" diýip, Sançes Madridde eden çykyşynda aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa 3-nji aprelde döwlet telewideniýesinde çykyş edip, bu aýdylýanlary “prowokasiýa” diýip atlandyrdy.

Buça görnüşi
Buça görnüşi

Ol, hiç bir delil getirmezden, Birleşen Ştatlar bilen NATO-nyň bu suratlary Russiýany abraýdan düşürmek üçin "buýrandygyny” aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem, hiç bir delil getirmezden, Buça suratlarynyň “Kiýew režimi tarapyndan gurnalan ýene bir sahnadygyny” aýtdy we rus güýçleriniň bu şäheri 30-njy martda terk edendigini öňe sürdi.

Moskwa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji aprelde ýygnanyp, Buçada, öz sözleri bilen aýdylanda, "ukrain radikallarynyň prowokasiýasy" diýilýäni ara alyp maslahatlaşmagyny sorady.

Russiýanyň Derňew komiteti bolsa 4-nji aprelde beýanat çap edip, rus güýçleriniň Buçadaky hereketleri barada "bilkastdan ýalan maglumat" ýaýratmakda aýyplap, Ukraina garşy "derňew" geçirjekdigini habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 3-nji aprelde rus güýçlerini şäherde "genosid" etmekde aýyplap çykyş etdi we Kreml ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öz goşunlarynyň eden işlerini görmek üçin, olaryň Buça gelmelidigini aýtdy.

"Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň öz buýruklarynyň nähili ýerine ýetirilýändigini görmeklerini isleýärin" diýip, Zelenski wideo ýüzlenmesiniň dowamynda ukrain dilinden rus diline geçip aýtdy.

Ol rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we rus harbylarynyň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.

"Haçanda biz adamlary elleri arkasyna daňylan we kellesi kesilen halda tapanymyzda, men düşünemok" -diýip, ol paýtagt Kiýewiň 35 km demirgazyk-günbataryndaky Buça şäheriniň köçelerinde serlip gidilen pidalar barada gürrüň edende aýtdy.

Azatlyk radiosynyň ukrain gullugynyň habarçysy 2-nji aprelde kiçilik şäheriň köçelerinde parahat ilata degişli bolup görünýän adamlaryň jesetleriniň pytrap ýatyşyny görendigini gürrüň berdi. Habarçy diňe bir ýerde köçede ýatan 10-a golaý jesedi görendigini aýtdy.

AP habar gullugynyň žurnalistleri Buçanyň dürli ýerlerinde azyndan 21 adamyň jesedini gördüler.

Dokuz adamdan ybarat bir toparyň jesetleri, hemmesi raýat eşikli, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, rus güýçleriniň baza hökmünde ulanan ýeriniň golaýyndan tapyldy. Heläk bolanlaryň ählisi ýakyn aralykdan atylyp öldürilene meňzeýär.

Umuman, ukrain häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, Kiýewiň töwereginde geçen hepdä çenli rus güýçleriniň gözegçiliginde bolan ýerlerden azyndan 410 parahat ýaşaýjynyň jesedi tapyldy.

Şu aralykda, rus güýçleriniň Ukrainanyň Buça şäherinde onlarça raýaty öldürendigi barada çykan habarlardan soň, ABŞ Russiýanyň BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykarylmagyny gazanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG