Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýa bilen gepleşik geçirmekden 'başga ýoluň ýokdugyny' aýdýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, hatda bu rus güýçleriniň asuda ilatyň garşysyna edendigi aýdylýan wagşylyklarynyň arasynda kyn bolsa-da, urşy bes etmek üçin Russiýa bilen gepleşik geçirmekden başga alajyň ýokdugyny aýtdy.

Zelenski ukrain žurnalistlerine beren we döwlet telewideniýesinde efire berlen interwýusynda Buçadaky wakalary "bagyşlap bolmajak" diýip atlandyrdy we "biziň hemmämiz, şol sanda meniň özümem, hatda gepleşik geçirmek mümkinçiligini hem kyn mesele hökmünde kabul ederis" diýdi.

"Bu kynçylyk içde, ilkinji nobatda, adamyň özüne mahsus bolan ynsançylyk kynçylygy. Soň, haçanda özüňi dürsäňde we muny etmeli bolaňda, meniň pikirimçe, bizde başga ýol ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski bu interwiýuy paýtagtyň etegindäki Buça şäherine eden duýgudan doly saparyndan bir gün soň berdi, ukrain resmileri bu ýerde asuda adamlaryň jesetleriniň tapylandygyny, öldürilen ýaşaýjylaryň köpüsiniň howlularda, köçelerde we öýlerde atylandygyny aýtdylar.

Açyk meýdanda galan jesetleriň hopukdyryjy şekilleri, öldürilen adamlaryň käbiriniň elleriniň arkalaryna daňylan bolmagy Russiýanyň halkara derejesinde ýazgarylmagyna sebäp boldy. Moskwa bu şekilleri “galp” atlandyrdy we özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi.

Iki ýurduň gepleşik toparlarynyň, krizisi gepleşikler arkaly çözmek synanyşygyny dowam etdirmegiň çäginde, 5-nji aprelde wideo baglanyşygy arkaly gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Zelenski Ukrainanyň resmi taýdan bitarap döwlet bolmagy teklip edendigini, onuň beýleki ýurtlardan howpsuzlyk kepillikleriniň boljakdygyny aýtdy.

5-nji aprelde geçirilen söhbetdeşlikde ol, gepleşikleriň dowam edýändigine garamazdan, häzirki ýagdaýda Ukraina howpsuzlyk kepilligini bermäge taýyn ýurtlaryň berk sanawynyň ýokdugyny aýtdy.

"Dürli-dürli ýurtlar dürli-dürli zatlara kepil geçmäge taýyn" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Häli-häzire çenli biz 100% bize goşulmaga taýyn ýurtlaryň sanawyny almadyk. Bize çynlakaý oýunçylar gerek. Bize 24 sagadyň dowamynda zerur ýaraglar bilen üpjün etmäge taýyn ýurtlaryň topary gerek. Bize öňünden işlenip düzülen sanksiýalar gerek we, eger-de biz Russiýa Federasiýasy tarapyndan howp abanýandygyny duýsak, bu döwletler haýdan-haý birleşmeli we derrew zerur bolan ähli çäräni görmeli” diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçugyň aýtmagyna görä, 5-nji aprelde uruşdan agyr zyýan çeken ýerlerdäki asuda ilaty ewakuasiýa etmek üçin ýedi sany gumanitar koridoryň, şol sanda Mariupol we Berdýansk ýaly günorta port şäherleriniň ilatynyň çykyş ýolunyň açyk bolmagyna garaşylýar.

Ýöne ol, ýolbaşçylarynyň söz berendigine garamazdan, rus güýçleriniň hiç kime Mariupolyň içine girmek mümkinçiligini bermeýändigini aýtdy. Şol bir wagtda, Russiýanyň yglan edilen gumanitar koridorlarynyň ugrundaky söweşleri duruzmak wadasyny berip-brmändigi belli däl.

Bileleşigiň Russiýanyň esassyz başlan hüjümlerini dowam etdirýän wagtynda Ukraina berýän goldawyny görkezmek tagallalarynyň çäginde, şu hepde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomatlarynyň iki sanysynyň Kiýewe sapar etmegine garaşylýar.

Ýewropa Komissiýasynyň metbugat wekili Erik Mameriň 5-nji aprelde ýazan twitinde aýdylmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrelliň bu sapary 9-njy aprelde Polşanyň paýtagty Warşawada Ukrainanyň goldawyna geçiriljek çäräniň öňüsyrasynda amala aşyrylar.

Bu ÝB-niň ýokary derejeli resmileriniň gysga wagtda Kiýewe eden ikinji sapary bolar. Mundan öň, geçen hepde Kiýewe Ýewropa parlamentiniň prezidenti Roberta Metsola sapar etdi.

Mundan başga, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň şu gün, 5-nji aprelde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, Buça şäherinde öldürilen asuda ilat sebäpli täze sanksiýalaryň girizilmegini talap etmegine garaşylýar.

Ukrain prezidenti Buçadaky zalymlygy "uruş jenaýatlary" we "genosid" hökmünde häsiýetlendirdi. Emma Moskwa bu aýyplamalary ret etdi we Ukrainany Russiýany biabraý etmek üçin “prowakasiýa” gurnamakda aýyplady.

Emma muňa garamazdan, mart aýynyň ortalarynda düşürilen we “Maxar Technologies” firmasy tarapyndan ýaýradylan hemra suratlary, görnüşinden, Buçanyň köçelerinde ýatan jesetleri görkezýär we Russiýanyň bu adamlar 30-njy martda, rus goşunlary bu şäherden çykarylandan soň öldürilen bolmasyn diýen delilini ýalana çykarýana meňzeýär.

XS
SM
MD
LG