Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin jogapkärçilige çekilmegine çagyrýar


Zelenski 5-nji aprelde Geňeşiň öňünde çykyş edip, Buça şäherinde bolup geçen wakalaryň elhenç jikme-jikliklerini habar berdi.
Zelenski 5-nji aprelde Geňeşiň öňünde çykyş edip, Buça şäherinde bolup geçen wakalaryň elhenç jikme-jikliklerini habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini, Ukrainada eden jenaýatlary üçin, rus güýçlerini doly jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

Zelenski 5-nji aprelde Geňeşiň öňünde çykyş edip, Buça şäherinde bolup geçen wakalaryň elhenç jikme-jikliklerini habar berdi, tutuş maşgalalaryň, hususan-da ol ýa-da beýleki görnüşde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine gulluk eden adamlaryň wagşylyk bilen öldürilendigini aýtdy.

Adamlar "öz kwartiralarynda, öýleriniň içinde öldürildi ... köçäniň ortasynda öz awtoulaglarynda oturan adamlar tanklar bilen peýwagtyna mynjyradyldy” diýip, Zelenski göni wideo baglanyşykda 15 agzaly geňeşe ýüzlenip aýtdy.

Ol Buçada edilen jenaýatlaryň Ikinji jahan urşundan bäri edilen "iň aýylganç uruş jenaýatlary" bolandygyny aýtdy we BMG-ni Russiýany Buçada öldürilen parahat adamlar üçin jogapkärçilige çekmek babatynda haýal etmän herekete geçmäge çagyrdy.

Zelenski "on müňlerçe" ukrainalynyň Russiýa deportasiýa edilendigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Zelenskiniň çykyşyndan soň geňeşe ýüzlenip, onuň köpçülikleýin deportasiýa barada aýdanlaryny ret etdi.

Wasiliý Nebenzia 600,000-den gowrak adamyň, şol sanda 119,000-den gowrak çaganyň Russiýa ewakuasiýa edilendigini aýtdy we bu işde "haýsydyr bir zorluk ýa-da adam alyp gaçmak" meselesiniň bolandygyny inkär etdi.

XS
SM
MD
LG