Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýanyň 'uruş jenaýatlary' sebäpli jogapkärçilige çekilmegine çagyrýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenýär
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenýär

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini, Ukrainada eden jenaýatlary sebäpli, rus güýçlerini doly jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Zelenski 5-nji aprelde göni wideo baglanyşygy arkaly çykyş edip, Buça şäherinde bolup geçen wakalaryň elhenç jikme-jikliklerini habar berdi, tutuş maşgalalaryň, hususan-da ol ýa-da beýleki görnüşde ukrain harbylaryna dahylly bolan adamlaryň wagşylyk bilen öldürilendigini aýtdy.

Adamlar "öz kwartiralarynda, öýleriniň içinde öldürildi ... köçäniň ortasynda öz awtoulaglarynda oturan adamlar tanklar bilen peýwagtyna mynjyradyldy. Olar adamlaryň el-aýaklaryny çapdylar, damaklaryny çaldylar” diýip, Zelenski göni wideo baglanyşykda 15 agzaly geňeşe ýüzlenip aýtdy.

"Aýal-gyzlar çagalarynyň öňünde zorlandy we öldürildi, aýdýan sözlerini eşitmejek bolup, agressorlar olaryň dillerini çekdiler" diýip, ol aýtdy. "Bu Daeş (Yslam döwleti) ýaly beýleki terrorçylaryň eden işinden üýtgeşik däl... bu ýerde bolsa bu BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy tarapyndan amala aşyrylýar."

Ol Buçada edilen jenaýatlaryň Ikinji jahan urşundan bäri edilen "iň aýylganç uruş jenaýatlary" bolandygyny we Buçanyň “basybalyjy güýçleriň” ukrain topragynda “soňky 41 günüň dowamynda edýän köp sanly mysallarynyň diňe biridigini” belledi.

Zelenski Buça baryp görenden bir gün soň çykyp gürledi we rus goşunlarynyň baran ýerleriniň ählisiniň yzynda weýrançylyk we köpçülikleýin mazarlary galdyrandygyny aýtdy.

Buça görnüşi
Buça görnüşi

Ol BMG-ni Russiýany Buçada öldürilen parahat adamlar üçin jogapkärçilige çekmek babatynda haýal etmän herekete geçmäge çagyrdy.

Zelenski "on müňlerçe" ukrainalynyň Russiýa deportasiýa edilendigini hem sözüne goşdy, “olara biziň baýlyklarymyz we adamlarymyz gerek” diýdi, russiýlylaryň ukrainalylaryň azyk önümlerinden başlap, ahli zadyny, altyn gulakhalkalaryna çenli ogurlandygyny öňe sürdi.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Zelenskiniň çykyşyndan soň geňeşe ýüzlenip, onuň köpçülikleýin deportasiýa barada aýdanlaryny ret etdi.

Wasiliý Nebenzia “ýörite harby operasiýa” başlanaly bäri Ukrainadan 600,000-den gowrak adamyň, şol sanda 119,000-den gowrak çaganyň Russiýa ewakuasiýa edilendigini aýtdy we bu işde "haýsydyr bir zorluk ýa-da adam alyp gaçmak" meselesiniň bolmandygyny, ähli işiň meýletinlik esasynda edilendigini aýtdy we sözüne delil hökmünde sosial mediada ýerleşdirilen wideolara salgylandy.

Ukrainanyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasyny diňe Moskwany Buçada öldürilen asuda adamlar üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrmak bilen çäklänmedi, eýsem Russiýanyň geňeşdäki weto hukugy sebäpli, Kremliň Ukraina goşun sürmeginiň öňüni almak üçin hökmany güýji bolmadyk rezolýusiýalary kabul etmekden başga çäre görmedik Howpsuzlyk geňeşinden Russiýanyň çykarylmagyna hem çagyrdy.

Buçadaky jaýlaryň biri
Buçadaky jaýlaryň biri

"Biz bu ýerde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki weto hukugyny ölüme (sebäp bolmak) hukugyna öwürýän döwlet bilen iş salyşýarys" diýip, Zelenski aýtdy.

Ol BMG-niň özüne örän üns bilen göz aýlamalydygyny we halkara hukugynyň möwriti geçdimi ýa ýok diýip soramalydygyny aýtdy, BMG-niň düzgünnamasynyň we halkara uruş jenaýatlary tribunalynyň, Ikinji jahan urşundan soň faşistleriň işine sereden kanunçylygyň myslynda özgerdilmegine, reforma edilmegine çagyrdy.

"BMG duran ýerinde ýapylyp-da bilner. Hanymlar we jenaplar, siz BMG-ni ýapmaga taýýarmy? Halkara hukugynyň möwriti ötdümi?" diýip, ukrain lideri sorady. "Eger siz ýok diýip jogap berseňiz, onda siziň derrew herekete geçmegiňiz gerek” diýip, ol aýtdy.

Onuň bu çagyryşy rus goşunlary Buçadan yza çekilenden soň ol ýerde öldürilen parahat adamlaryň jesetleriniň döreden global gahar-gazabynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ok bilen eleme-deşik edilen awtoulag
Ok bilen eleme-deşik edilen awtoulag

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden uruş jenaýatlaryny seljermegiň üstünde işlemäge çagyrdy, Birleşen Ştatlar we Angliýa Russiýany BMG-niň Adam Hukuklary geňeşinden çykarmaga çagyrdy.

"Biziň Buçada gören zatlarymyz bikanun bir bölümiň tötänden eden işi däl. Bu öldürmek, gynamak, zorlamak, wagşyçylyk etmek babatynda bile- göre, bilkastdan gurnalan kampaniýa" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken NATO-nyň Ýewropadaky ýygnagyna ugramazyndan ozal aýtdy.

Buça şäheriniň häkimi Anatoli Fedoruk bu gyrgynçylygyň ruslaryň ukrain halkynyň görkezen garşylygy üçin gurnan ar alyşlygy bolandygyny aýtdy.

"Meniň adamlarym keýp üçin ýa-da gahar-gazap sebäpli atylyp öldürild" diýip, Fedoruk Italiýanyň “Corriere della Sera” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

"Ruslar gymyldy-hereket edýän zatlaryň ählisini: pyýada geçip barýanlary, welosipedli adamlary, "çagalar" diýen bellikli awtoulaglary oka tutdy” diýip, Buçanyň şäher häkimi gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG