Iş başyndaky premýer-ministr Imran Han ynamsyzlyk ses berişliginde wezipesinden çetleşdirilenden soň, Pakistanda şu gün, 10-njy aprelde premýer-ministr wezipesine dalaşgärler hödürlenmeli.
Birnäçe hepde dowam eden syýasy tolgunyşykdan soň, oppozisiýa partiýalarynyň Hana garşy gurnan ses berişligi gijäniň ýarynda geçirildi. Oppozisiýa partiýalary premýere ynam bildirmezlik üçin zerur bolan köplügi, 342 agzaly parlamentiň 174 agzasynyň sesini almagy başardy.
Parlamenti dargatmak we irki saýlawlary çagyrmak bilen, Han ses berişligiň öňüni almaga synanyşypdy, ýöne Ýokary kazyýetiň çykaran karary ses berişligiň geçirilmegine ýol açdy.
Oppozisiýa tarapdarlary 10-njy aprelde irden, milli we partiýa baýdaklaryny galgadyp, köçelere çykdylar.
Parlamentiň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli häkimiýet başynda boljak täze premýer-ministri saýlamak üçin 11-nji aprelde ýygnanmagyna garaşylýar.
Dalaşgärleriň arzalary 10-njy aprelde, ýerli wagt bilen sagat 11: 00-a çenli tabşyrylmaly.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.