Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüzüne botoks etdirýän we dodagyny çişirdýän gelin-gyzlara gözegçilik güýçlendi


Türkmenistanda polisiýa işgäriniň gyzlaryň resminamalaryny barlaýan pursady. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda polisiýa işgäriniň gyzlaryň resminamalaryny barlaýan pursady. Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gözellik salonlaryna aýlanyp, gelin-gyzlara käbir gözellik hyzmatlaryny amala aşyrmagyň gadagandygyny aýdýarlar. Olar bu gadagançylygy bozan gözellik salonlaryna we gelin-gyzlara pul jerimesiniň salynjakdygyny hem-de olaryň 15 gün türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýarlar.

"Olar [kanun goraýjylar] gelin-gyzlaryň ýüzlerine botoks etmegiň, ýüzleriniň ýygyrtlaryny tekizlemegiň, gözlerine kirpik oturtmagyň, dodaklaryny çişirmegiň we olara goşmaça dyrnak dakmagyň gadagandygyny aýdýarlar" diýip, bir gözellik salonunyň işgäri anonimlik şertinde 11-nji aprelde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan gözellik salonlarynyň ençeme işgäriniň aýtmagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gadagançylygyň sebäbini düşündirip, bu baradaky resmi karary görkezmeýärler.

Ýöne olar gadagançylygy bozup, ýokarda agzalan gözellik hyzmatlaryndan peýdalanan aýal-gyzlaryň tussag ediljekdigini we olara özleriniň "tenine goşmaça enjam oturdandygy üçin" 300-500 manat aralygynda jerime salynjakdygyny duýdurýarlar.

"Şondan soňra, saklanan aýal-gyzlara gözellik hyzmatynyň haýsy salon hem-de onuň haýsy işgäri tarapyndan amal edilendigi anyklanar. Bu hyzmaty ýerine ýetiren işgäre 500-1000 manat aralygynda pul jerimesi salnar ýa-da ol 15 gün wagtlaýyn tussaghana salnar" diýip, gözellik salonunyň işgäri kanun goraýjylaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Gözellik salonlarynyň işgärleri özleriniň kadaly işlemegi we gazanç etmegi üçin şert döredilmeýändigini aýdyp, gadagançylykdan nägile bolýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäheriň polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji aprelde ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleriniň gadagan edýän hyzmatlary dünýaniň aglaba ýurdunda adaty gözellik proseduralary hasaplanýar. Aýal-gyzlar hiç hili çäklendirmesiz, bu hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Emma türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň bu hyzmatlardan peýdalanmak erkinligini indi ençeme ýyl bäri çäklendirip gelýär. Bu çäklendirmeler wagtal-wagtal, esasanam ýokary derejeli döwlet emeldarynyň, şol sanda içeri işler ministriniň çalşyrylmagynyň yz ýany has-da güýçlendirilýär.

Geçen ýylyň iýulynda Lebabyň polisiýasy aýal-gyzlary jynsy, gysga we dar köýnek, makiýaž ýüz boýagy we sary saç üçin tussag etmek çäresini güýçli depginde amal etdi. Şonda tussag edilen zenanlaryň ençemesi aýallaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirmek talabynyň täze içeri işler ministriniň başlangyçlary bilen baglanyşyklydygyny gürrüň beripdi. Häkimiýetleriň şol çärelerinden birnäçe gün ozal ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygy wezipesine Öwezdurdy Hojanyýazow bellenipdi.

Bellesek, häzirki wagt Baýramalynyň häkimiýetleriniň käbir gözellik hyzmatlaryndan peýdalanýan aýal-gyzlara we olary amal edýän salonlara gözegçiligi güýçlendirmegi, ýurtda içeri işler ministriniň nobatdaky gezek täzelenmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

6-njy aprelde prezident howpsuzlyk mejlisini geçirip, geçen ýylyň iýulynda işe girişen, öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belledi.

Azatlyk aýal-gyzlaryň daşky keşbine degişli soňky gadagançylyklaryň Hydyrowyň wezipä bellenilmegi bilen ilteşiklidigini ýa däldigini anyklap bilmedi.

Türkmenistanda aýal-gyzlar dar köýnek geýmekden, makiýaždan ýüz öwürmek, saçyny sary reňke boýamazlyk ýaly talaplar bilen ilkinji gezek 2018-nji ýylyň bahar aýlarynda köpçülikleýin ýüzbe-ýüz bolupdylar.

Türkmen häkimiýetleri köplenç dil üsti bilen berilýän görkezmeler esasynda amal edilýän bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň anyk sebäbini resmi taýdan düşündirmeýär. Olar diňe "türkmenleriň taryhy we medeni däplerini ýatda saklamak hem-de milli köklerini ýitirmezlik" zerurlygyny gaýtalaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG