Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanly aýal-gyzlar gysga ýubka, jynsy, ýüz boýagy we sary saç üçin ýene yzarlanýar


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş-keşbine gözegçilik etmegini ýene güýçlendirdi. Polisiýa aýal-gyzlary jynsy, gysga we dar köýnek, makiýaž ýüz boýagy we sary saç üçin tussag edýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde bu ýagdaý, hususan-da, ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynyň etraplarynda bolup geçýär.

Sary saçly, ýüzi boýagly, jynsyly, gysga ýubkaly we dar köýnekli aýal-gyzlar Lebap polisiýasynyň üns merkezine düşdi. Şu günler Farap we Darganata etrap merkezlerinde ýerli polisiýa milli türkmen eşiginden tapawutlanýan geýimli aýallary saklaýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, saklanýan aýal-gyzlar polisiýa bölümlerine äkidilýär. Polisiýa olara uzyn köýnek geýmegiň we gara saçly bolmagyň zerurlygy barada düşündiriş berýär we olardan talaplary ýerine ýetirmek barada dilhaty alýar. Polisiýa bu talabyň anyk sebäbini düşündirmeýär.

Aýallaryň saklanmagy we zenanlaryň geýimine we daş-keşbine degişli talaplar barada resmi düşündiriş almak mümkin däl. Lebap welaýatynyň häkimligi we ýerli polisiýa bölümleri jogap bermeýärler.

Bu ýagdaýlara gönüden-göni gatnaşygy bolan ýerli ýaşaýjylar bilen gepleşen habarçylaryň sözlerine görä, aýallaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirmek talaby täze içeri işler ministriniň başlangyçlary bilen baglanyşykly.

Hususan-da, Içeri işler ministrliginiň täze başlygynyň karary bilen ýerli polisiýanyň ýolbaşçylaryndan "ahlagy gowulaşdyrmak" we "jelepçiligi ýok etmek" çärelerini güýçlendirmek talap edilipdir. Bu barada tutulan zenanlara polisiýa bölümlerinde düşündiriş we terbiýeçilik işleri geçirilen wagtynda habar berilipdir. Mundan başga-da, käbir aýallara jelepçilik bilen meşgullanmakda şübhe bildirilipdir.

Habarçylaryň we ýerli çeşmeleriň bellemegine görä, aýal-gyzlaryň makiýaž we adaty türkmen eşiginden tapawutlanýan geýim üçin tussag edilmegi bilen birlikde, polisiýa işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýän bikanun ten satmak üçin öýler we hyzmatlar sebitde işlemegini dowam etdirýärler.

1-nji iýulda Içeri işler ministrliginiň başlygy wezipesine Öwezdurdy Hojanyýazow bellendi. Ondan öň içeri işler ministriniň orunbasary bolup işlän täze ýolbaşçy polisiýa polkownigi derejesini hem aldy.

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň ýaşaýjylary täze ministr bellenenden soň dessine birnäçe täzelik bilen ýüzbe-ýüz boldular. Birnäçe gün ozal Azatlykyň habarçylary awtoulag ýuwmak we bejermek boýunça kärhanalaryň köpçülikleýin ýapylýandygyny habar berdiler. Ýerli häkimiýetler bu çäräniň ýurduň täze içeri işler ministriniň buýrugy bilen geçirilýändigini aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri birnäçe ýyl bäri dürli çäklendirmeler we gadagançylyklar arkaly ilatyň daşky görnüşine gözegçilik etmäge synanyşýarlar.

Türkmenistanda aýal-gyzlar ilkinji gezek 2018-nji ýylyň bahar aýlarynda dar köýnek geýmekden, makiýaždan ýüz öwürmek, saçyny sary reňke boýamazlyk ýaly talaplar bilen köpçülikleýin ýüzbe-ýüz bolupdy.

Aýallaryň daş-keşbine degişli talaplar sebäpli Aşgabadyň polisiýasy tarapyndan tussag edilmeler we jerimeler barada ençeme gezek habar berildi. Käbir edaralarda aýallardan milli türkmen balaklaryny geýmek talap edildi. Soňra bu talap okuw jaýlarynyň okuwçylaryna girizildi.

2020-nji ýylyň baharynda türkmen döwlet işgärlerine boýalan saç, ýasama kirpik we dyrnagy boýamak gadagan edildi. Azatlygyň habarçylary polisiýanyň köçede aýallary saklap, olara haýbat atýandygyny olaryň iş ýerine habar bermek we jerime salmak bilen gorkuzýandygyny habar beripdi. Tizara, Aşgabadyň köçelerinde polisiýa milleti türkmen bolmadyk aýal-gyzlara olaryň geýimine we daş keşbine degişli bellikleri ýygy-ýygydan edip başlady.

Häkimiýetler ilatyň daş-keşbine we geýimine gözegçilik etmek synanyşyklarynyň anyk sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler, diňe munuň "türkmenleriň taryhy we medeni däplerini ýatda saklamak we milli köklerini ýitirmezlik" zerurlygyny gaýtalaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG