Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda tozanly ýel turdy. Jaýlaryň üçeklerindäki örtükler gopdy, üç ýol hadysasy boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Duşenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň günbatar welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Tozanly ýeliň netijesinde durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň üçeklerindäki örtükleriň ençemesi gopdy. Şeýle-de, sebitde azyndan üç sany ýol hadysasy boldy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, welaýatda güýçli tozanly ýel aprel aýynyň 10-dan 11-ne geçen gije, ýagny sagat 12-den soň başlady we 11-nji aprelde sagat 15:30 töweregine çenli dowam etdi.

"Ýel howanyň düzüminde tozan emele getirdi. Şeýle-de, güýçli ýel sebäpli Türkmenbaşy şäherinde we Serdar hem-de Bereket etraplarynda ençeme binanyň üçeklerindäki örtükler gopdy. Olaryň arasynda durmuş maksatly desgalar we ýaşaýyş jaýlar bar" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 11-nji aprelde gürrüň berdi.

Tozanly ýel sebäpli Serdar-Bereket etraplarynyň, Bereket etraby bilen Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky uly ýollarda görüjilik pes boldy. Adamlar 30-50 metr uzaklygy görmekde kynçylyk çekdiler.

Bu ýagdaý Balkanabat-Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda üç ýol hadysasynyň bolmagyna sebäp boldy. Azatlygyň habarçylary bu ýol hadysasynda adam pidalarynyň bolandygyny ýa bolmandygyny anyklap bilmediler. Bu barada redaksiýamyzyň Balkanyň ýol polisiýasyndan maglumat almak synanyşygy hem başa barmady.

Habarçymyz güýçli ýel sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki ýaşaýyş jaýlarynyň tas üçden bir böleginde elektrik energiýasynyň kesilendigini hem habar berýär.

Bu tebigy hadysa barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

"10-njy aprelde, 11-nji aprele geçen gijede, şeýle-de 11-nji aprelde irden we günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde şemalyň güýçlenmegi sekuntda 15-20 metre çenli ýetip, tozanly ýeliň turmagyna garaşylýar" diýlip, neşiriň 9-njy aprelde çap eden habarynda bellenilýär.

Galyberse-de, 3-nji aprelde NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň websaýtynda çap edilen habarda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň kosmosdan düşürilen suraty ýaýradylyp, sebitde baharyň umumy alamatlaryndan biriniň tozandygy aýdylýar.

Habarda demirgazykdan öwüsýän sowuk howanyň köplenç günortadan gelýän ýyly tropiki howa bilen çaknyşýandygy we munuň güýçli şemallary döredip bilýän durnuksyz howa şertlerini emele getirýändigi hem bellenilýär.

"Bu surat düşürlende günbatardan öwüsýän şemallar Türkmenistanda we Özbegistanda Garagum we Gyzylgum çöllerinden tozan we toýun bölejiklerini çykardy. Şeýle-de, şemallar Türkmenistanda we Owganystanda Amyderýanyň günortasyndaky uly depelerden tozany ýokary göterýän ýaly bolup görünýär" diýlip, NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň maglumatynda bellenilýär.

Habarda sebitdäki guraýan kölleriň tozanly ýelleriň döremegine goşmaça goşant goşan bolmagynyň mümkindigi hem aýdylýar.

"2021-nji ýylda çap edilen maglumatlar sebitdäki kölleriň köpüsiniň soňky iki onýyllygyň içinde azalandygyny ýa-da gurandygyny görkezýär. Guran köl ýataklarynyň üstünde köp mukdarda tozan bardygy sebäpli olar tozanly ýelleri öjükdirmekde tanalýar" diýlip, obserwatoriýanyň maglumatynda nygtalýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda anomal howa hadysalary, şol sanda güýçli tozanly ýeller ýygy-ýygydan bolýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri ýurtda şeýle ýelleriň azyndan bäş sanysy boldy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG