Şenbe güni, 5-nji fewralda Mary welaýatynda tozanly ýel turdy. Uzakly gün dowam eden şemal howanyň düzüminde tozan emele getirdi. Bu sebäpli ýaşaýjylar 150-200 metr aralygy görmekde kynçylyk çekdiler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ýeliň günüň ikinji ýarymynda has-da güýçlenendigini we hamana, asmandan çäge ýagýan ýaly bolandygyny aýdýar.
"Köp gatly jaýlaryň dördünji gatyndaky penjireden daşary seredeniňde, şäheriň üstüne çäge ýagýan ýaly bolup görünýärdi" diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde 8-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.
Howanyň düzümindäki tozan ýekşenbe gününe çenli saklanyp galdy. Köçeleri, seýilgähleri, ýollardaky plakatlary, şeýle-de, edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dükanlaryň we söwda merkezleriniň penjirelerini çaň basdy.
Habarçylarymyz we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi şeýle anomal howa hadysasynyň 2022-nji ýylyň başyndan bäri eýýäm dördünji gezek gaýtalanandygyny aýdýarlar.
"Öňki ýyllarda bular ýaly howa hadysalary bolmaýardy" diýip, ýerli ýaşaýjy belleýär.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýagdaýdan habarly ýerli hünärmenler anomal howa hadysalaryna gurakçylygyň we atmosferanyň üýtgemeginiň sebäp bolýandygyny çaklaýarlar.
"Soňky döwürde ýagyn ýagsa-da, çala sepeleýär. Öňki ýyllardaky ýaly ýagyn ýagmaýandygy sebäpli çölüň öri meýdanlarynda hem öňküler ýaly ot bitmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli hünärmen aýtdy.
Soňky aýlarda ýurduň çäklerinde güýçli ýeliň turmagy bilen bagly tebigy hadysalar ençeme gezek ýüze çykdy. 17-nji ýanwarda ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, hususanda-da, Maryda, 21-nji dekabrda Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda, 1-2-nji dekabrda Maryda we Lebapda tozanly ýel turdy.
16-njy noýabrda Maryda turan güýçli şemal sebitiň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde bökdençlik döretdi. Güýçli şemal netijesinde dürli etraplarda, şol sanda Garagum we Baýramaly etraplarynyň birnäçe obasynda tok öçdi.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.
Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 6-njy fewralda ýörite makala çap edip, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýanwar aýy boýunça çaklamalarynyň takyklygynyň noýabr-dekabr aýlaryndan-da has erbet bolandygyny habar berdi.
"Ýanwar aýynda Aşgabatda öňümizdäki gün üçin berlen howanyň temperaturasy baradaky çaklamalaryň takyklygy 71%-e deň boldy. Bu görkezijiler dekabrda 81%, noýabrda 84%-e barabardy" diýip, neşir ýanwar aýynda gün üçin berlen 31 sany temperatura çaklamasyndan 11 sanysynyň amala aşmandygyny we bu säwliklere tejribeli işgärleriň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.