Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa Ukrainadaky uruş serkerdesini täzeledi, Kiýew berk gaýtawul bermäge taýýarlanýar


Harkowda bir ýaşaýyş etrabyna urlan zarbanyň yzynda galan harabalyk. 10-njy aprel, 2022.

Rus güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky hüjümlerini ýygjamlatmagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Moskwanyň Kiýewe garşy başlan sebäpsiz urşundan aman galmak üçin, öz ýurdunyň has kän daşary ýurt kömegine mätäçdigini aýtdy.

Zelenski 11-nji aprelde wideo arkaly Günorta Koreýanyň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan mejbur edilmese, Russiýanyň fewral aýynyň aýagynda başlan urşuny bes etmejekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Russiýanyň Ukrainada ýüzlerçe infrastruktura desgasyny, şol sanda azyndan 300 sany saglyk öýüni ýykyp-ýumrandygyny, indi bolsa ýurduň gündogar bölegine hüjüm etmek üçin on müňlerçe esger jemleýändigini aýtdy.

Rus goşunlary günortada daşy gabalan port şäherini, Mariupoly ele geçirmek üçin edýän hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu ýer olara Russiýanyň eline geçirilen günbatar we gündogar sebitlerini birleşdirmek üçin zerur.

Moskwanyň alyp barýan harby operasiýalaryny tijemegi bilen, halkara jemgyýetçiligi atyşygy bes etmek ylalaşygynyň gazanylmagy ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýär.

Şu gün, 11-nji aprelde, konfliti bes etmäge çagyrmak üçin, Awstriýanyň kansleri Karl Nehammeriň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu Putiniň 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başlamak buýrugyny bereli bäri ÝB ýurdunyň lideri bilen geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar.

"Men Wladimir Putin bilen Moskwada duşuşaryn ... Biz [Awstriýa] harby taýdan bitarap ýurt, emma Russiýanyň Ukraina garşy başlan agressiw urşy babatynda açyk durumda durýarys. Ol uruş togtadylmaly! Oňa yn nsanperwerlik koridorlary gerek, atyşygyň bes edilmegi we uruş jenaýatlarynyň doly derňelmegi zerur"diýip, Nehammer saparyň öňüsyrasynda aýtdy.

Şu aralykda, ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Lýuksemburgda ýygnanyşyp, Halkara jenaýat kazyýetiniň (HJK) prokurory Karim Han bilen rus goşunlary tarapyndan edilendigi aýdylýan uruş jenaýatlary barada maslahatlaşýar. Moskwa özüniň parahat ilaty nyşana almaýandygyny aýdýar, emma barha köpelýän subutnamalar ýurduň birnäçe sebitinde edilene meňzeýän wagşyçylyklary görkezýär.

Zelenski rus hüjümleri netijesinde azyndan 300 sany saglyk edarasynyň urlandygyny aýtsa, ruslar yza çekilenden soň Buça şäherinden tapylan, elleri daňylgy we gynalyp öldürilene meňzeýän adamlaryň jesetlerini görkezýän wideolar halkara gahar-gazabynyň has ýokarlanmagyna getirýär. Emma Russiýa Buçadaky görnüşleriň sahnalaşdyrylandygyny öňe sürdi.

Şu aralykda Russiýanyň Kramatorskdaky demirýol menziline uran howa zarbasy, onlarça adamyň ölmegine sebäp bolup, Buça sebäpli möwjän gahar-gazabyň üstüne urna boldy.

Ukrainanyň 44 million ilatynyň dörtden bir bölegi öýlerinden gaçmaga, ýaşap oturan ýerlerinden bosmaga mejbur boldy, şäherler haraba öwrüldi we müňlerçe adam öldürildi ýa-da ýaralandy. Olaryň köpüsi parahat ilata degişli.

Donetsk we Luhansk sebitleriniň golaýynda ýerleşýän Izýum iň aldym-berdimli söweşleriň barýan şäherine öwrüldi. Russiýa ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda Kiýewiň we Sumynyň ýanynda berk garşylyga duçar bolup, öz güýjüni Ukrainanyň gündogar sebitlerine, Luhansk we Donetsk şäherlerini öz içine alýan Donbasa garşy hüjüm etmek üçin jemleýär.

“Maxar Technologies” kompaniýasynyň 10-njy aprelde çap eden hemra suratlaryndan görnüşine görä, Kremliň öz söweş güýçlerini ýurduň gündogaryna gönükdirmegi bilen, 13 km aralyga uzaýan harby kerwen Ukrainanyň günortasyndaky Donbas sebitini nazarlaýar. Bu kerweniň rus güýçleriniň gözegçiligi astyndaky Izýuma, Ukrainanyň Harkow sebitindäki şähere tarap ugur alan bolmagy hem mümkin.

Garaşylýan hüjümiň öňüsyrasynda, urşa serkerdelik etmek üçin, Kreml goşun generaly Aleksandr Dwornikowy ýolbaşçylyga belledi. Ol ozal rus goşunlarynyň günortadaky harby bölümlerine ýolbaşçylyk edýärdi.

Putin indi, Donbasy ele geçirmek we maý aýynyň başynda, Ikinji Jahan urşunda Nasistik Germaniýadan üstün çykylan güne gabat ýeňiş yglan etmek üçin, güýçleri bir ýere jemlemäge çalyşýana meňzeýär diýip, ABŞ resmileri aýdýar.

60 ýaşly Dwornikowyň ukrain kampaniýasynyň täze serkerdesi edip bellenmegi Russiýanyň gündogarda töwerekleýin we tutumly hüjüm etmek meýlinden habar berýär diýip, synçylar aýdýar.

Siriýadaky uruşda, rus uçarlarynyň parahat etraplary bombalan ýerinde tanalan general Putin tarapyndan, Siriýadaky hyzmatlary üçin, ýurduň iň ýokary sylaglarynyň biri, Russiýanyň Gahrymanynyň medaly bilen sylaglandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG