Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus goşunlary Donbasa süýşýär; Mariupol ýagdaýy agyr. Iki tarap hem ýeňjegini aýdýar


Mariupol, 10-njy aprel, 2022.

Rus goşunlary Donbas sebitinde etjek uly hüjüminden öň gündogar Ukraina tarap süýşmegini dowam etdirýär, Mariupoldaky ýagdaýlar barha we barha agyrlaşýar, rus goşunlarynyň port şäherini doly gözegçilige almak synanyşyklarynyň arasynda müňlerçe parahat ýaşaýjynyň ölendigi habar berilýär.

Ukrain serkerdeleri we günbatar resmileri Russiýanyň Kiýewiň demirgazygyndaky ýerlerden çeken we Belarusdan getiren güýçlerini Harkowa, 2014-nji ýyldan bäri söweşýän ýeri bolan Donetsk we Luhansk sebitlerine geçirmegini dowam etdirýändigini aýdýarlar.

Resmiler Russiýanyň, belki-de, Donetsk we Luhansk sebitleriniň Ukrainanyň hökümet güýçleriniň gözegçiliginde galan ýerlerini almak üçin, bu sebitde täze hüjüme başlamagyna garaşýarlar.

Russiýany[ 24-nji fewralda Ukraina çozmagy bilen başlanan çaknyşyklarda ölen adamlaryň anyk sany entek belli däl.

Ukrain serkerdeleri 12-nji aprelde häzire çenli Russiýanyň 19,500 harbysynyň öldürilendigini aýtdylar. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň mart aýynyň ahyrynda beren soňky resmi maglumatynda aýdylmagyna görä, Russiýa bu uruşda 1370 töweregi adam ýitirdi.

ABŞ resmileri Russiýanyň azyndan 10 000 esgerini ýitirendigini açyk aýdýarlar. Şol bir wagtda, ABŞ we Günbatar resmileri özara gürrüňçilikde Russiýanyň ýitgileriniň Ukrainanyň aýdýanyna golaýdygyny aýdýarlar. Bu Moskwanyň Ukraianadaky uruşda Sowet Soýuzynyň Owganystandaky söweşlerde 10 ýylda ýitiren esgerinden hem kän adam ýitirendigini aňladýar.

Ukraina döwlet syry diýip, uruşda ölen harby gullukçylarynyň sanyny çap etmedi, ýöne prezident Wolodymyr Zelenski mart aýynyň ortalarynda 1300-e golaý ukrain esgeriniň öldürilendigini açyk aýtdy.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň bir resmisi 11-nji aprelde rus goşunlarynyň Donbas sebitinde, şol sanda geçen hepde rus goşunlarynyň eline geçendigi aýdylýan Izýum şäheriniň töwereginde güýç toplaýandygyny aýtdy.

Mariupol. Köpçülik mazary.
Mariupol. Köpçülik mazary.

Komanda-buýruk we gözegçilik ulaglaryny hem içine alýan harby keweniň, pyýada goşun we dikuçar goldaw bölümleri bilen, Izýuma tarap barýandygy görünýär diýip, amerikan resmisi aýtdy.

Rus batalýonlarynyň 60-dan gowrak taktiki topary, olaryň hersinde 800-den 1000-e çenli esger, Ukrainanyň günorta merkezinde ýerleşýän Hersondan aýrylyp, Donbasyň üsti bilen ýurduň demirgazyk-gündogaryna, rus serhedine çenli aralyga ýerleşdirilýäne meňzeýär diýip, goranmak resmisi gürrüň berdi.

Şeýle-de, Donbas hüjümine bir-bitewi serkerdelik etmegi üçin, Russiýa bu operasiýa täze general belledi. Günbatar resmileri bu çäräniň urşuň birinji tapgyrynda goýberilen we rus goşunlaryny ysgyndan gaçyran ýalňyşlyklary düzetmäge gönükdirilen bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Azow deňziniň esasy porty bolan Mariupol birnäçe hepde bäri rus güýçleriniň berk gabawynda galýar we tasdan doly weýran edilene meňzeýär. Rus güýçleri bu şäheriň gaýduwsyz goragçylary, ukrain deňiz güýçleri we Azow batalýony bilen köçeme-köçe söweşýär.

Zelenskiniň ýokary derejeli geňeşçisi Mihaýlo Podolýak 11-nji aprelde twitterde Mariupoldaky ukrain güýçleriniň "gabalandygyny" aýtdy.

Orsýete tarapdar güýçler
Orsýete tarapdar güýçler

Zelenski 11-nji aprelde Günorta Koreýanyň parlamentiniň öňünde wideo arkaly eden çykyşynda Russiýanyň "Mariupoly doly tekizländigini we ýakyp, kül edendigini" aýtdy.

"Mariupolyň iýaşaýjylarynyň azyndan on müňlerçesi öldürilen bolmaly" diýip, prezident aýtdy.

Mariupolyň häkimi Wadym Boýçenkonyň "Associated Press" habar gullugyna aýtmagyna görä, şäherde 10,000-den gowrak parahat ýaşaýjy öldürildi we olaryň jesetleri "köçelere serildi”.

Şu aralykda, ukrain we günbatar resmileri Mariupolda Azow söweşijilerine garşy himiki ýaragyň ulanylandygy barada çykan habarlary derňeýändiklerini aýtdylar.

Angliýa, eger bu habar çyn bolup çyksa, “jogabynyň” boljakdygyny duýdurdy. Russiýa bu aýyplamalary ret etdi.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow hem uly ýitgi çekdi, emma ol Ukrainanyň gözegçiliginde galýar. Sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Synehubow 11-nji aprelde telegramda çap eden habarynda sekiz adamyň top okundan ölendigini, emma ukrain güýçleriniň şäheri goramagy dowam etdirýändigini aýtdy.

Zelenskiniň hökümetiniň rus ultimatumlaryny ret etmegi bilen, taraplaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri häzirlikçe ýatyp galdy we Kreml bar ünsüni Donbasa gönükdirýär.

Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer 11-nji aprelde Putin bilen Moskwada duşuşdy
Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer 11-nji aprelde Putin bilen Moskwada duşuşdy

Ýewropaly diplomatlaryň rus prezidenti Wladimir Putini dowam edýän ýykgynçylykly hüjümlerden saklamak üçin eden synanyşyklary şu wagta çenli hiç bir netije bermedi.

Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer 11-nji aprelde Putin bilen Moskwada duşuşdy we şondan soň bu hili tagallalaryň netijeli boljagyna ynanmaýandygyny, sebäbi Putiniň “bütin durky bilen uruş logikasyna gaplanandygyny” aýtdy.

Putin 12-nji aprelde Russiýanyň gündogaryndaky Wostoçnyý kosmodromynda eden çykyşynda rus güýçleriniň, Kremliň "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýan urşunda öňde goýan "asylly" maksatlaryna ýetjekdigini çaklady.

"Onuň maksatlary doly aýdyň we asylly" diýip, Putin Ukrainadaky urşy nazarda tutup aýtdy.

"Bir tarapdan, biz adamlara kömekleşýäris we olary halas edýäris, beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň howpsuzlygyny üpjün etjek çäreleri görýäris" diýip, Putin aýtdy. "Biziň başga alajymyzyň galmandygy açyk. Bu dogry karar” diýip, rus prezidenti belledi.

Ýewropa Bileleşigi has berk ykdysady sanksiýalar bilen basyşyny güýçlendirmese, Russiýa öz eden-etdilikli urşuny arkaýyn dowam eder diýip, Zelenski aýtdy.

“Ýewropanyň şu ýagdaýda hem hyzmatdaşlygy, söwdany, biznesi ileri tutmagy netijesinde, olar özleriniň jezasyz galjakdygyny bilýärler" diýip, ol Litwanyň parlamentiniň öňünde eden wideo çykyşynda aýtdy.

ÝB Russiýa garşy bäş tapgyr sanksiýa girizdi, şol sanda Putine we onuň maşgalasyna garşy hem gadaganlyk girizildi. Emma Zelenski Ýewropany rus nebitinden "el çekmäge”, rus gazynyň importyny bes etmäge we Russiýanyň ähli bankyna sanksiýa girizmäge çagyrdy.

“Bu uruşda Ýewropa ýeňiş gazanmaly. Özem biz bu uruşda bilelikde ýeňiş gazanarys” diýip, ukrain lideri aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG