Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jo Baýden: "Russiýa Ukrainada genosid edýär"


Buçada öldürilen paratah adamlaryň jesetleriniň barlagy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ikinji gün rus goşunlarynyň Ukrainada parahat ilata garşy eden jenaýatlaryny ilkinji gezek genosid diýip atlandyrdy.

"Men muny genosid diýip atlandyrdym, sebäbi Putiniň ukrain bolmak mümkinçiligini ýok etmäge çalyşýandygy barha açyk we aýdyň bolýar. Munuň subutnamasy barha we barha köpelýär” diýip, prezident Baýden Russiýanyň ukrain ilatyna garşy genosid edýändigi ýa däldigi baradaky resmi kararyň hukukçylar tarapyndan çykaryljakdygyny, ýöne öz pikiriçe, munuň genosid bolup durýandygyny aýtdy.

ABŞ resmileri şu wagta çenli Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini genosid diýip atlandyrmakdan saklanyp gelýärdiler.

Prezidentiň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan geçen hepde Ukrainadaky jenaýatlaryň ABŞ hökümeti tarapyndan ulanylýan kesgitleme esasynda genosid däldigini aýtdy. Bu kesgitlemä görä, "milli, etniki, jynsy ýa-da dini topara garşy gyryp ýok etmek maksady bilen edilýän” hereket genosid hasaplanylýar.

Ukrainanyň Buça şäheri rus goşunlary tarapyndan eýelenen wagtynda öldürilen parahat adamlar barada çykan maglumatlardan soň Russiýa genosidde aýyplanyp başlady.

Olar bu ýerden çekilenlerinden soň şäherde adamlaryň köpçülikleýin jaýlanan mazarlary tapyldy. Buça şäher häkiminiň maglumatyna görä, 12-nji aprele çenli şäherde 403 adamyň jesedi tapyldy, deslapky maglumatlara görä, olar rus esgerleri tarapyndan öldürildi.

Russiýa ukrain raýatlaryna garşy ulanylan ýowuzlyklar baradaky aýyplamalary üzül-kesil ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG