Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Türkmenistandaky hukuk bozulmalarynyň saklanyp galýandygyny aýdýar


Arhiw suraty

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 12-nji aprelde adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni hukuk bozulmalarynyň dowam etdirilýändigi aýdylýar.

Hökümet kitaplaryň, beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň, onlaýn gazetleriň we žurnallaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär, YouTube we Google ýaly meşhur sosial media saýtlaryny käte petikleýär diýip, hasabatda ýurtda söz aýtmak, pikir beýan etmek mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, garaşsyz diýilýän “Rysgal” gazetiniň çykarylmagy dowam etdi, ýöne onda esasan döwlet habar beriş serişdelerinde çap edilýän habarlar ýa-da döwlet habar gullugynyň pozisiýasy orun tapdy; hökümet daşary ýurt neşirleriniň ýurda getirilmegine ýol bermezlik çärelerini görýär diýip, hasabatda hökümetiň ýerli tele-radio gepleşiklerini hem doly gözegçilikde saklaýandygy, emma ilatyň hemra çanaklaryny ulanyp, daşary ýurtlaryň habar serişdelerinden maglumat almaga çalyşýandygy aýdylýar.

Hasabatda hökümetiň resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri ýanaýandygy, gözegçilikde saklap, telefonlaryny barlap, syýahatlaryny çäklendirip, häkimiýetleriň raýat žurnalistlerine hem yzygiderli azar berýändigi bellenip geçilýär.

Mundan başga, häkimiýetleriň senzurany gadagan etmek, maglumat toplamak we ýaýratmak azatlygyny üpjün etmek baradaky kanunlary durmuşa geçirmeýändigi, ýerli metbugatyň we daşary ýurt habar serişdeleriniň žurnalistleriniň, hökümetiň öç almagyndan gorkup, özlerini senzura etmäge mejbur bolýandygy aýdylýar.

Hasabat bilen dolulygyna şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG