Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Ukrainanyň müňden gowrak esgeriniň ýesir düşendigini aýdýar


Mariupol görnüşi

Russiýanyň Goranmak ministrligi daşy gabalan Mariupol şäherinde Ukrainanyň deňizçi esgerleriniň müňden gowragynyň ýesir düşendigini aýtdy, ukrain resmileri bu aýdylýanlary ne tassyklady, ne-de ret etdi. Eger-de tassyklansa bu Russiýa 24-nji fewralda goňşy ýurda sebäpsiz çozaly bäri port şäherini gorap saklamak üçin alnyp barlan gaýduwsyz, köçeme-köçe edilen söweşlere urlan uly zarba bolar.

Rus harby kerwenleri garaşylýan hüjümiň öňüsyrasynda gündogar Donbas sebitine tarap birnäçe ugurdan hereket edýär, Ukrainanyň ýokary derejeli bir resmisi 13-nji aprelde bu sebitdäki birnäçe ýerde parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin ynsanperwerlik koridorynyň bolmajakdygyny aýtdy.

Wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk Telegramda çap eden beýanatynda rus goşunlaryny asuda adamlaryň ewakuasiýa edilmegine ýol bermek üçin baglaşylan ylalaşyklary ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

"Zaporižýa sebitinde [ruslar] ewakuasiýa awtobuslarynyň öňüni bagladylar, Luhansk sebitinde bolsa olar atyşygy kesmek ylalaşygyny bozýarlar" diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň döwlet telewideniýesi 13-nji aprelde Mariupolda ellerini ýokaryk galdyryp barýan esgerleri görkezdi we olaryň Ukrainanyň deňiz güýçleriniň tabyn bolan agzalarydygyny aýtdy. Şuňa meňzeş wideo şekilleri Kremle tarapdar blogçylaryň sosial media hasaplarynda hem peýda boldy. Emma ol wideolar garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

"Mariupol şäherinde ... Ukrainanyň 36-njy deňiz brigadasynyň 1026 esgeri meýletin ýaraglaryny taşlady we ýesir düşdi" diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi biraz öň habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň edarasy-da, ýurduň Goranmak ministrligi-de bu habar bilen bagly soraglara jogap bermek üçin elýeterli bolmady. “Roýters” ministrligiň sözçüsiniň özünde bu habaryň dogurdygy ýa däldigi hakynda maglumatyň ýokdugyny aýdandygyny habar berdi.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň kömekçisi Wadim Denisenko AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” telekanaly bilen söhbetdeşlikde Russiýanyň aýdanlaryny ret edip, bu maglumatyň häzirlikçe ukrain goşuny tarapyndan tassyklanmandygyny aýtdy.

Zelenskiniň kömekçisi Olekseý Arestowiç Facebookda gapma-garşylykly beýanat çap edip, 36-njy deňiz brigadasynyň söweş liniýalaryny böwsüp, Azow batalýonynyň şäheri goramak üçin söweşýän beýleki bölümlerine goşulandygyny öňe sürdi.

Rus ministrligi ukrain esgerleriniň Iliç adyndaky demir kombinatynda tabyn bolandyklaryny, ýaralanan 151 harby gullukça şol ýerde saglyk kömeginiň edilendigini we olaryň soň Mariupoluň şäher hassahanasyna eltilendigini aýtdy.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow hem 13-nji aprel güni irden 1000-den gowrak ukrain esgeriniň tabyn bolandygyny aýtdy. Onuň nökerleriniň Mariupola edilýän hüjümleriň öň hatarynda söweşýändigi aýdylýar.

Mariupol bu uruşda, eger-de tassyk bolsa, halkara hünärmenlerini alada goýup, himiki ýaraglaryň hem ulanylan ýeri hem boldy.

Zelenski 12-nji aprel agşamy eden ýüzlenmesinde himiki ýaraglaryň ulanylan bolmagynyň ahmaldygy barada çykan tassyklanmadyk habarlara ünsi çekdi we hünärmenleriň bu maddanyň näme bolup biljekdigini anyklamaga synanyşýan wagtynda “dünýä indi reaksiýa bildirmeli” diýdi.

Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar Mariupolda ulanylan ýaragyň, belki-de, himiki ýarag diýlip kesgitlenilmedik fosfor ýaragy bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Şu aralykda Polşanyň prezidenti we baltika ýurtlarynyň üç lideri, Zelenskiniň hökümetine goldaw bildirmek üçin, bu ýere sapar eden öňki ýewropa liderleriniň göreldelerine eýerip, Kiýewe sapara barýar.

Rus ýaragly güýçleri urşuň birinji tapgyrynda günbatar ýaraglary bilen gowy ýaraglanan ukrainalylaryň berk gaýtawul bermegi netijesinde, paýtagt Kiýewi ýa-da Ukrainanyň beýleki uly şäherlerini alyp bilmedi.

Rus harby serkerdeleri indi güýçlerini 2014-nji ýyldan bäri söweşip gelýän ýerlerine, Donbas sebitine jemleýärler. Bu sebit Russiýa bilen serhetleşýär we bu ýagdaý goşunyň üpjünçilik meselelerini wagtynda çözmäge, esgerleriň üstüni wagtly-wagtynda ýetirmäge gowy şert döreder.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin biraz öň günbatar ýurtlarynyň berk ykdysady sanksiýalary bilen garşylanan kampaniýany has-da tijendirmek wadasyny berdi. Girizilen jezalandyryjy sanksiýalaryň şu ýyl rus ykdysadyýetini ymykly pese gaçyrmagyna garaşylýar.

12-nji aprelde belarus lideri Aleksandr Lukaşenka bilen ýanaşyk durup gürlän Putin Russiýanyň goşun girizmekden “başga çäresiniň bolmandygyny” aýtdy we bu kampaniýanyň maksadynyň gündogar Ukrainanyň böleklerinde ýaşaýan adamlary goramakdan we “Russiýanyň öz howpsuzlygyny üpjün etmekden” ybaratdygyny aýtdy.

Ol bu kampaniýany “öňde goýlan maksatlar doly ýerine ýetirilýänçä, soňuna çenli dowam etdirjekdigini" hem sözüne goşdy.

Waşingtonda bir ýokary derejeli goranmak resmisi, şu aralykda, Baýden administrasiýasynyň Kiýewe ýene bir harby kömek tapgyryny taýýarlaýandygyny, onuň umumy bahasynyň 750 million dollara barabar bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

ABŞ metbugatynyň habar bermegine görä, Ukraina kömek bermek tagallalarynyň çäginde, Pentagon 13-nji aprelde amerikan ýarag öndürijileriniň bar bolan ýarag önümçiligini çaltlaşdyrmak we täze ýaraglary öndürmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin ýörite ýygnanyşyk gurar.

Zelenski özüniň düýn agşam eden çykyşynda Buçada we Kiýewiň etegindäki beýleki ýerlerde aýal-gyzlara we çagalara garşy ulanylandygy aýdylýan “rehimsizlikleriň”, şol sanda zorlamalar diýilýänleriň barha kän deliliniň ýüze çykýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG