Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: FSB esger jynazasyna, mazar daşlaryna iberilýän döwlet serişdesiniň artdyrylmagyny soraýar


Burýatiýaly bir aýal Ukraina çozuşynda ölen rus harby gullukçysynyň jynaza çäresine gatnaşýar.
Burýatiýaly bir aýal Ukraina çozuşynda ölen rus harby gullukçysynyň jynaza çäresine gatnaşýar.

Russiýanyň federal howpsuzlyk gullugy (FSB) hökümetden esgerleriň jynaza hyzmatlaryna we mazar daşlaryna iberilýän serişdäni artdyrmagy sorady.

Hökümet web-saýtyna ýaňy-ýakynda goýlan resminamalara görä, Sowet KGB-siniň mirasdüşeri bolan FSB jynaza hyzmatlaryna iberilýän serişdeleriň 17 göterim ýokarlandyrylmagyny soraýar. Bu barada ilkinji bolup, BBC-niň Rus gullugy habar berdi

Russiýa häzirki wagtda bir esgeri soňky ýoluna ugratmak çäresi üçin Moskwada we Sankt-Peterburgda 28,178 rubl ($350), ýurduň beýleki sebitlerinde 20,350 rubl ($250) harçlaýar. FSB bu mukdaryň iň iri iki şäherde 33,005 rubla ($400), ýurduň beýleki sebitlerinde 23,837 rubla ($290) çykarylmagyny soraýar.

Bulardan başga-da, FSB mazar daşlaryny satyn almak üçin iberilýän serişdäniň 4,800 rubldan ($59) 6,000 rubla ($73) çykarylmagyny soraýar.

FSB-niň bu haýyşlary Ukraina esassyz çozan Russiýanyň agyr harby ýitgilerden ejir çekýän wagtyna gabat gelýär, ýöne ölen adamlaryň anyk sany bilinmeýär.

Prezident Wladimir Putin 24-nji fewralda, agyr ykdysady sanksiýalara ýol açyp, Ukraina goşun girizenden soňra, Russiýada tas ähli harytlaryň, şol sanda jynaza çäreleri üçin möhüm bolup durýan gülleriň bahalary, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda birden ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG