Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda adam hukuklary barada maslahat geçirildi


Pudagara toparyň başlygy, daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilişi barada giňişleýin gürrüň etdi.

Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-i 16-njy aprelde habar berdi.

Mejlisde pudagara toparyň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat diňlenildi, toparyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seredildi.

Çykyşlarda toparyň ilatyň hukuk biliminiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tematiki neşirleriň çap edilmegi arkaly raýatlaryň degişli maglumatlara elýeterliliginiň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi beýan edildi diýip, habarda aýdylýar.

Bu mejlis ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatynyň çap edilmeginiň yz ýanyndan geçirildi. Ol hasabatda Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kada öwrülen çäklendirmeleri barada gürrüň edilýär.

Emma Türkmenistan bu hili hasabatlara, şol sanda adamlaryň gynalyşy, türkmen türmelerinde ýitirim bolandygy aýdylýan bendiler, pikir, söz, din azatlygynyň dowamly çäklendirilişi barada edilýän belliklere açyk reaksiýa bildirmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG