Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistanda hukuk bozulmalary saklanyp galýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalary, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni we jynsy hukuk bozulmalary dowam etdirilýär. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça täze ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

12-nji aprelde çap edilen hasabatda 2021-nji ýyla syn edilýär. Bu "Adamyň bitewiligine hormat goýmak", "Raýat azatlyklaryna hormat", "Syýasy prosese gatnaşmak azatlygy", "Hökümetde aç-açanlygyň bolmazlygy we korrupsiýa", "Bolandygy aýdylýn hukuk bozulmalaryň halkara we hökümete degişli bolmadyk derňewleri babatynda hökümetiň pozisiýasy", "Diskriminasiýa we jemgyýetdäki kemsitmeler" we "Işçileriň hukuklary" ýaly ýedi bölüme bölünýär.

"Türkmenistanyň kanuny esassyz tussag edilmegi we saklanmagy gadagan edýär, ýöne bularyň ikisi-de çynlakaý mesele bolup galýar. Tussag edilen ýa-da saklanan adamlaryň özleriniň tussag edilmeginiň kanuny esaslaryna ýa-da esassyz häsiýetine garşy çykmaga hukugy ýok" diýlip, hasabatda bellenilýär.

Onda ýurduň Konstitusiýasynyň raýatlaryň söz azatlygyna, şol sanda metbugat azatlygyna kepil geçýändigi, ýöne hökümetiň bu hukuga hormat goýmandygy hem aýdylýar.

"Jenaýat kodeksine görä, töhmet üçin ortaça aýlygyň 10-30 essesi möçberinde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Kanun hökümete garşy islendik garşylygy dönüklik diýip häsiýetlendirýär. Hökümeti ýa-da režimi aç-açan tankytlaýan raýatlar gorkuzmalar we tussag edilmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär" diýlip, hasabatda aýdylýar.

Hökümet kitaplaryň, beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň, onlaýn gazetleriň we žurnallaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär, YouTube we Google ýaly meşhur sosial media saýtlaryny käte petikleýär diýip, hasabatda ýurtda söz aýtmak, pikir beýan etmek mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigi hem bellenilýär.

Şol bir wagtda, garaşsyz diýilýän “Rysgal” gazetiniň çykarylmagy dowam etdi, ýöne onda esasan döwlet habar beriş serişdelerinde çap edilýän habarlar ýa-da döwlet habar gullugynyň pozisiýasy orun tapdy; hökümet daşary ýurt neşirleriniň ýurda getirilmegine ýol bermezlik çärelerini görýär diýip, hasabatda hökümetiň ýerli tele-radio gepleşiklerini hem doly gözegçilikde saklaýandygy, emma ilatyň hemra çanaklaryny ulanyp, daşary ýurtlaryň habar serişdelerinden maglumat almaga çalyşýandygy aýdylýar.

Ýatlatsak, ýurtda resmi taýdan hususy diýlip kesgitlenen ýeke-täk neşir - "Rysgal" gazeti - Türkmenistanyň “Senagatçylar we telekeçiler” bileleşiginiň eýeçiliginde dolandyrylyp, 2010-njy ýyldan bäri rus we türkmen dillerinde çapdan çykýar. Bu gazetiň “hususy biznesiň hakyky ýol görkezijisi bolmalydygy” guramanyň resmi maglumatynda aýdylýar. Ýöne synçylara görä, ýurduň ähli gazet-žurnallary mazmun taýdan birmeňzeş bolup, olar döwlet propagandasyna gulluk edýär.

Hasabatda hökümetiň resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri ýanaýandygy, gözegçilikde saklap, telefonlaryny barlap, syýahatlaryny çäklendirip, häkimiýetleriň raýat žurnalistlerine hem yzygiderli azar berýändigi bellenip geçilýär.

Mundan başga, häkimiýetleriň senzurany gadagan etmek, maglumat toplamak we ýaýratmak azatlygyny üpjün etmek baradaky kanunlary durmuşa geçirmeýändigi, ýerli metbugatyň we daşary ýurt habar serişdeleriniň žurnalistleriniň, hökümetiň öç almagyndan gorkup, özlerini senzura etmäge mejbur bolýandygy aýdylýar.

"Polisiýa aýal sürüjilere azar bermek boýunça 2019-njy ýylda başlanan praktikany dowam etdirdi. Polisiýa köp halatlarda kanuny taýdan talap edilýän ilkinji kömek gutusynda bir zadyň ýoklugy ýaly ownuk sebäplere görä aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny we awtoulaglaryny elinden aldy" diýlip, hasabatda nygtalýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, ýurduň çäginde zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň ulaglarynyň jerime duralgalaryna alnyp gidilmegi we ulaglarynyň guratlyk hatynyň häkimiýetler tarapyndan “ýörite” uzaldylmazlygy ýaly ýagdaýlar barada habar berdi.

Hasabatda hökümetiň raýatlaryň birleşmek azatlygyna ýa-da köpçülikleýin şertnamalaryna hem hormat goýmandygy we öz zähmet kanunlaryny netijeli ýerine ýetirmändigi hem nygtalýar.

"Her bir döwlet edarasynda ýurduň adam hukuklary boýunça ombudsmany ýaly zähmet meselesi bilen baglanyşykly şikaýatlary kabul edip biljek kärdeşler arkalaşygy bar. Ýöne iş ýüzünde bu kärdeşler arkalaşyklary ar alyş gorkusy sebäpli şikaýatlary habar bermek islemeýärler" diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň soňky hasabatynda bellenilýär.

Türkmenistan demokratiýa we ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda ýyllarboýy yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG