Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus wekiliýetiniň gatnaşmagyna garşy bolup, günbatarly ministrler G20 duşuşygyny terk etdi


ABŞ-nyň gazna sekretary Janet Ýellen
ABŞ-nyň gazna sekretary Janet Ýellen

ABŞ-nyň gazna sekretary Janet Ýelleniň öňüni çekmeginde, onuň kanadaly, ýewropaly kärdeşleri 20-nji aprelde, Moskwanyň Ukrainadaky urşuna garşy protest bildirip, 20-ler toparynyň maliýe resmileriniň duşuşygyndan köpçülikleýin çykyp gitdi.

Waşingtonda, Bütindünýä bankynyň we Halkara walýuta gaznasynyň ýazky mejlisleriniň çäginde, onlaýn arkaly geçirilen duşuşygy terk etmäge britaniýaly, fransiýaly we kanadaly resmiler hem goşuldy.

“Roýters” bilen anonimlik şertinde gürleşen iki çeşmäniň aýtmagyna görä, Ýellen ýygnananlara ýüzlenip, bu duşuşyga ýokary derejeli rus resmisiniň gatnaşmagyny düýbünden oňlamaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň gazna sekretary şu hepdäniň başynda, eger-de rus resmileri goşulsa, özüniň global kärdeşleri bilen guralýan duşuşyklara gatnaşmajakdygyny aýtdy.

AFP habar gullugynyň bu waka bilen tanyş çeşmä salgylanyp beren habaryna görä, Ukrainanyň maliýe ministri Serhiý Marçenko hem duşuşygy terk etdi.

Britan maliýe ministri Rişi Sunak özüniň Ýellen, Kanadanyň premýer-ministriniň orunbasary Kristia Freeland bilen bilelikde, rus wekilleriniň çykyş edýän wagtynda çykyp gidendigini aýtdy.

Sunak twitterde duşuşykdan çykyp giden ministrleriň “Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň ýazgarylmagyndaky tagallalarynda birleşip, Russiýany jezalandyrmak üçin has güýçli halkara utgaşdyrmalaryna itergi berjekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG