Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gündogardaky söweş möwjeýär, Kiýew Moskwanyň hakyky maksadyny “ýaşyrmagy bes edendigini” aýdýar


Donbasdaky ukrain harbylary. 18=nji aprel, 2022

Russiýanyň ýokary derejeli harby resmisi Moskwanyň ýurda edýän täze hüjümi wagtynda gündogar Donbas sebitine we Ukrainanyň günorta bölegine doly gözegçilik etmegi meýilleşdirýändigini aýdyp, Kiýewde ýiti reaksiýa döretdi. Ukrainanyň baş ştaby rus güýçleriniň gündogardaky front çäkleriniň ähli ýerinde hüjümleri ýygjamlandyrýandygyny aýtdy.

Merkezi Harby okrugyň başlygynyň iş başyndaky serkerdesi Rüstam Minnekaýew, Russiýanyň resmi habar serişdeleriniň sitirlemeklerine görä, 22-nji aprelde, günorta Ukrainanyň doly gözegçilige alynmagynyň strategiki maksat bolup, munuň Russiýa üçin Moldowanyň bölüniji we Russiýa tarapdar Transdniester sebitine ýol açjakdygyny aýtdy.

Minnekaýewiň aýdan sözleri Russiýanyň Ukraina çozmagynyň ikinji tapgyryndaky maksatlarynyň häzire çenli aýan edilen iň jikme-jik düşündirişi boldy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu sözleriň Russiýanyň öz asyl maksadyny “ýaşyrmagy bes edendigini” görkezýändigini aýtdy. Ukrainanyň baş ştaby 22-nji aprelde, rus goşunlary günorta-gündogar Mariupol portundaky goşunlaryny bu ýerden çekeninden soň, frontdaky hüjümleriň güýçlendirilendigini aýtdy.

Ýöne şäher häkimliginiň bir resmisi rus goşunlarynyň şäherdäki iň soňky garşylyk nokadyna, "Azowstal” zawodynyň içinde gizlenen 2000-e golaý ukrain söweşijisine garşy gaýta-gaýta zarba urmagy dowam etdirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG