Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus prezidentleri hat alşyp, birek-biregi Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň ýyl dönümi bilen gutlady


Kreml. Moskwa ş. Russiýa. Arhiw suraty
Kreml. Moskwa ş. Russiýa. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin hat alşyp, birek-biregi iki ýurduň arasynda Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

"Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn" diýip, TDH 23-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň Putine iberen hatyny sitirledi.

Putin "bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn" diýdi.

"Bu hakykat, halklarymyzyň esasy bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýär" diýip, TDH Putiniň türkmen prezidentine iberen hatyny sitirledi.

Türkmen we rus prezidentleri şu aýyň başynda hem hat alşyp, birek-biregi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Russiýa 24-nji fewralda Ukrainanyň üstüne esassyz çozuşa başlaly bäri, halkara jemgyýetçiligi rus agressiýasyny ýazgaryp çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Ukraina urşy barada kelam agyz beýanat bermeýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde basybalyjy rus güýçleriniň Ukrainada "adam hukuklaryny gödek we yzygiderli bozýandygy we basgylaýandygy” baradaky habarlar sebäpli Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak üçin ses berdi. Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.

Şeýle-de, BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň Ukraina goşun sürmegini ýazgaryp, 3-nji martda ses berişlik geçirdi. Dünýäniň 141 ýurdy Russiýanyň garşysyna biragyzdan ses berdi. Türkmenistan bu ses berişlige hem gatnaşmady.

XS
SM
MD
LG