Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Aşgabady öz saýasyna dolamak yşaratlaryny berýärmi?


Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Rus prezidenti Wladimir Putin, halkara jemgyýetçiliginiň rus basybalyjy güýçleriniň Ukraina garşy agressiýasyny ýazgarmagynyň arasynda, Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tagallalar arkaly özara strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Bu barada Putin özüniň türkmen kärdeşine iki ýurduň arasyndaky Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli ýollan hatynda belledi. Bilermenler Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli galan dünýäden barha üzňeleşdirilmegi bilen, munuň Türkmenistany öz täsirine dolamak ugrundaky bir yşarat bolandygyny aýdýarlar.

23-nji aprelde Kremliň resmi websaýtynda çap bolan beýanatda 2002-nji ýylda baglaşylan bu ylalaşygyň “ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan has-da ösdürmek hem-de köp ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin şertleri döredendigi” bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem munuň bilen baglylykda Putine ýollan hatynda bu şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky dürli, şol sanda “syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýandygyny” aýtdy.

Iki prezidentiň arasyndaky soňky hat alşygy, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz çozmagy netijesinde, Moskwanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýiti ýazgarylmagyna, şol sanda dürli sanksiýalar arkaly galan dünýäden barha üzňeleşdirilmegine gabat geldi.

Resmi Aşgabat welin, häzire çenli Ukrainadaky uruş barada kelam agyz söz aýtmaýar, BMG-de Russiýanyň agressiýasyna garşy ses berlişiklere hem gatnaşmaýar. Şol bir wagtda, resmi we ýarym-resmi türkmen neşirlerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada taryplaýjy makalalar çap bolýar.

Galyberse-de, ýokary derejeli rus resmileri hem Türkmenistana sapar edip, şol sanda özara syýasy we söwda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahat edýärler. 24-nji aprelde Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow türkmen bedewiniň milli baýramyna gabat Aşgabada sapar edip, prezident Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi. Minnihanow galan meseleler bilen birlikde, Aşgabatda geçmeli Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara foruma görülýän taýýarlyklary hem maslahat edipdir.

Halkara synçylar Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginden soň, Russiýanyň uly täsiri bolan, şeýle-de Moskwanyň “arka howlusy” hasaplanan Merkezi Aziýanyň käbir döwletleriniň Kremliň täsirinden çykmak ugrunda käbir yşaratlary görkezýändigine, Türkmenistanyň bolsa, tersine, Russiýa bilen ýakynlaşmaga ymtylýandygyna ünsi çekýärler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Türkmenistanyň daşarky dünýäden üzňeleşmek boýunça onlarça ýylyň dowamynda alyp baran syýasatynyň netijesinde, Russiýany “arka tutunmakdan” başga çykalgasynyň galmandygyny belleýär.

Brýus Panniýer
Brýus Panniýer

“Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýynyň juda gözgynydygyny bilýäris. Häkimiýetler muňa hökman bir çykalga tapmaly bolarlar. Emma Aşgabat munuň üçin kime ýüz tutup biler?! Bir ýol, bu – Hytaý. Emma Pekiniň Türkmenistana eýýäm köp sermaýa ýatyrany sebäpli, goşmaça çykdajy etjekdigini çaklamaýaryn. Günbatar hem Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilýändigi sebäpli, Aşgabat bilen düýpli gatnaşyklary gurmakdan saklanýar. Bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň [Russiýa ýüz tutmakdan başga] kän bir çykgalgasy hem ýok” diýip, Panniýer 25-nji aprelde Azatlyga gürrüň berdi.

Ol Moskwanyň muny hoşniýetlikden däl-de, eýse Türkmenistany öz täsirine hasam köp salmak üçin amal edýändigini nygtady.

Panniýer soňky döwür türkmen häkimiýetleriniň, agyr ykdysady çökgünlik sebäpli ýurtda höküm sürýän azyk gytçylygynyň fonunda, türkmen kärendeçilerine ýetişdiren önümleriniň uly bölegini Russiýa eksport etmeli boljakdyklary baradaky duýduryşlaryna hem ünsi çekdi.

“Russiýanyň [türkmen önümlerine] mätäçligi ýok. Ol bu harytlary başga ýurtlardan hem alyp bilýär. Ýöne Moskwa Türkmenistanyň harytlary üçin bazar döredip, Aşgabady ýene özüne garaşly ýagdaýda saklajak bolýar. Bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatynyň hasam açlyga uçrajakdygyny aýdyp bileris. Emma Türkmenistana häzir pul gerek, şol sebäpli ol harytlaryny eksport etmeli bolýar” diýip, Panniýer nygtady.

Bellemeli ýene bir ýagdaý, Putiniň 23-nji aprelde Berdimuhamedowa ýollan hatynda, Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň “Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň maksadyna kybap gelýändigi” hem bellenilip geçilýär. Emma Berdimuhamedowyň ýollan hatynda bu barada söz açylmaýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen munuň Russiýanyň beýleki döwletleri öz täsirine geçirmek üçin ulanýan hemişeki wehimleriniň bir bölegidigini aýdýar.

“Russiýa elmydama-da Merkezi Aziýa ýurtlaryny, esasan hem Owganystan bilen serhetleşýän döwletleri mümkin durnuksyzlyk bilen gorkuzjak bolýar. Bu ýene-de döwletleri öz täsirine geçirmek üçin amal edilýär. Ruslar ‘biz bolmasak, siz özleriňizi gorap bilmersiňiz’ diýen düşünjäni öňe sürýärler. Emma rus harbylarynyň Ukrainadaky şowsuzlyklaryny nazarda tutanymyzda, olaryň Merkezi Aziýany nä derejede gorap biljekdigi hem soraglary döredýär. Bularyň ählisi öňden bäri edilip gelinýän beýanatlar, emma olar Merkezi Aziýada howatyrlary döretmekde juda täsirli işleýärler” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG