Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti rus emeldary bilen Hazardaky hyzmatdaşlygy we gämi gurluşygyny maslahatlaşdy


Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy aprelde, hepdäniň altynjy güni Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu duşuşyk onuň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, Moskwa sapara çagyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Duşuşykda hususan-da Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň uly önümçilige garaşan gämi gurluşygy pudagyny janlandyrmak barada pikir alşyldy. Ýöne habarda ýakyn geljekde bu ugurlarda nähili hyzmatdaşlygyň bolup biljegi anyklaşdyrylmaýar.

TDH rus emeldarynyň öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen gelendigini aýdýar.

Myhman türkmen prezidentine rus kärdeşi Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi.

S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň ähmiýetini nygtady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, Hazar deňzini özleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi, hususan-da gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň 1,5 milliard dollara düşen halkara deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi. Şol wagt bu gämi zawodynyň ýylda 4-6 gämi gurmaga kuwwatynyň ýetjekdigi, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň bolsa ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigi aýdyldy.

Hökümetçi “Orient” neşiriniň geçen ýylyň dekabryndaky maglumatyna görä, Yslam ösüş banky Türkmenistana deňiz transporty ulgamyny ösdürmek baradaky taslamany maliýeleşdirmek üçin 90,15 million dollar möçberinde serişde bermegi tassyklady.

Bu serişdäniň hususan-da Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň we milli deňiz flotynyň netijeliligini artdyrmak üçin ulanyljakdygy aýdylýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary bu desganyň Türkmenistanda milliardlarça dollar halk serişdesine gurlan we bu golaýlarda özüni ödemejek taslamalaryň diňe biridigini belleýärler.

TDH-nyň geçen ýylyň oktýabrynda anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, Aşgabat VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynda hem, sebitdäki logistik merkez hökmünde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we gämigurluşyk pudagyna maýa goýmak tekliplerini orta atdy. Emma şonda Moskwanyň bu tekliplere näme jogap berendigi belli bolmady.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň pikiriçe, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti wezipesine getirilmeginde Kremliň bildiren goldawlarynyň öwezine Aşgabatdaky hökümetiň Moskwa ygrarly galmagyny üpjün etmäge çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG